Sepleriň elýeterliligi

AFK: türkmen futbolçylary “C” toparda oýnarlar


Ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynda oýnajak toparlaryň düzümleri belli edildi.

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiren bije atyşlygynyň netijelerine görä, 19 ýaşa çenliler arasyndaky bu çempionatda türkmen futbolçylary “C” toparda oýnarlar.

Bu toparda, Türkmenistanyň garşydaşlary Özbegistanyň, Eýranyň, Hindistanyň we Owganystanyň saýlama komandalary bolar.

Ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň futbol çempionatyna 39 döwletiň komandalary gatnaşýar. Bu komandalar jemi ýedi topara bölündiler.

Ýaryşyň indiki tapgyryna her topardan iki ýeňiji çykyp, şeýle-de üçünji ýer alan komandalaryň iň ökdeleri geçerler.
XS
SM
MD
LG