Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň halkara “aragatnaşyk topary” duşuşýar


Çarşenbe güni Katarda Liwiýanyň halkara “aragatnaşyk toparynyň” maslahaty geçirilýär.

Bu maslahat Muammar Kaddafiniň güýçleri bilen NATO-nyň goldawyndaky gozgalaňçylaryň arasyndaky konflikt boýunça halkara reaksiýany utgaşdyrmaga gönükdiriler.

Dohada geçýän bu maslahatda gozgalaňçylaryň Milli Geçiş Geňeşiniň agzalarynyň çykyş etmegine hem garaşylýar. Bu Geňeşi Liwiýanyň kanuny häkimýeti hökmünde, häzire çenli Katar, Fransiýa we Italiýa ykrar etdi.

Resmileriň aýtmagyna görä, maslahatyň dowamynda Liwiýanyň ozalky daşary işler ministri Mussa Kussa hem çykyş eder.

Şol wagtyň özünde, sişenbe güni Fransiýa we Britaniýa Kaddafiniň güýçlerine garşy howa hüjümleri ýaýbaňlatmaga NATO çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG