Sepleriň elýeterliligi

Belarusda partlamanyň pidalary ýatlanylýar


Çarşenbe güni Belarusda Minskidäki metro duralgasynda bolan partlamanyň pidalary ýatlanyp, matam geçirilýär. Partlama duşenbe güni bolupdy.

Resmileriň bellemegine görä, bu terroristik hüjüm saýylýar. Emma bu partlamanyň amala aşyrylmagynyň matlaplary henizem belli däl.

Belarusyň KGB-siniň aýtmagyna görä, bu partlama boýunça esasy güman edilýän adam kesgitlenilipdir.

KGB-iň başlygy Wadim Zaitsewiň maglumatyna laýyklykda, şübhe edilýän daşky keşbi boýunça slawýan bolmadyk, 27 ýaşyndaky biridir.

Zaitsewiň aýtmagyna görä, partlama bilen baglylykda başga-da üç adam tussag edilipdir.

Resmileriň berýän sanlaryna görä, duşenbe güni Minskide amala aşyrylan partlamada 12 adam ölüp, 150 töweregi hem ýaralanypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu partlama bilen baglylykda, Belarusyň prezidentine gynanjyny bildirdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko bu partlamanyň ýurtda durnuksyzlyk döretmek maksady bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.

Şeýle-de Lukaşenko bu wakalara daşary ýurtlularyň dahylly bolmagynyň mümkindigini hem aradan aýyrmaýandygyny sözüne goşdy: “Men bu “sowgadyň” daşary ýurtdan getirilen bolmagynyň mümkindigini aradan aýyramok. Ýöne ilki bilen ýurduň içini barlamaly”.
XS
SM
MD
LG