Sepleriň elýeterliligi

Putin Ukrainany gümrük birligine goşmak isleýär


Premýer-ministr Wladimir Putin Ukrainany Orsýet-Belarus-Gazagystan gümrük birligine goşmak üçin tagalla edýär.

Premýer-ministr Putiniň özüniň ukrainaly kärdeşi Mykola Azarowa aýtmagyna görä, Kiýewiň gümrük birligine goşulmagy netijesinde, ukrain ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly ösüş bolar.

Şu ýylyň 11-nji iýunyndan başlap güýje girýän Orsýet-Belarus-Gazagystan gümrük birligi şol döwletleriň arasyndaky ähli gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Ukraina bu birlige goşulmak kararyny uzaga çekdirip gelýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri Kiýewiň Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda şertnamasyny baglanyşmak umydydyr.
XS
SM
MD
LG