Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň paýtagty Saanada protest geçirilýär


Ýemende soňky geçirilen protestde 1 adam öldürilip, 4-si ýaralandy.

Ýerli ýaşaýjylaryň hem medisina işgärleriniň aýtmaklaryna görä, ýurduň Aden şäherinde howpsuzlyk güýçleri protest geçirýan asuda ýaşaýjylary oka tutupdyr.

Protestçiler böwet goýup, şäheriň köçelerine tanklaryň girmeginiň öňüni almak maksady bilen howpsuzlyk güýçlerine daş zyňyp başlanda, esgerler ot açypdyr.
Bu maglumaty garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak başartmady.

Şeýle hem şu gün onlarça müň adam Ýemeniň paýtagty Saana şäherinde protest geçirýär.

Arap ýurtlary tarapyndan konflikti çözmek üçin edilen teklibi protestçiler ret etdi. Bu teklibe görä, prezident Salihiň häkimiýeti onuň orunbasaryna geçirilmeli, prezidentiň özüne bolsa eldegrilmezlik hukugy berilmeli.

Protestçiler fewral aýyndan bäri 30 ýyldan gowrak häkimiýet başynda bolan prezident Ali Abdullah Salehiň wezipeden çekilmegini talap edip demonstrasiýa geçirýärler.
XS
SM
MD
LG