Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hosni Mubaregi tussag etmäge görkezme berildi


Müsüriň jemgyýetçilik prokurory ýurduň öňki prezidenti Hosni Mubaregi oňa garşy korrupsiýa bilen bagly gozgalan jenaýat işi derňelýänçä, tussag etmäge görkezme berdi.

Mubaregiň 15 günüň dowamynda tussaglykda saklanjakdygy aýdylýar.

Müsüriň öňki prezidenti Mubarek häzir ýürek agyrysy sebäpli keselhanada ýatyr. Ol 12-nji aprelde sorag edilýärkä, ýüreginden tutup, keselhana äkidilipdi.

Şu gün irden Mubaregiň ogullary Alaa hem Gamal sorag edilip, 15 günlük tussag edildi. Olar hem korrupsiýada we wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýarlar.

Ýurtda 18 gün dowam eden protestlerden soň, Hosni Mubarek 11-nji fewralda wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Mubaregiň özüne, ogullaryna hem olaryň aýallaryna ýurtdan çykmak gadagan edildi. Mubaregiň maşgalasyna degişli bank hasaplary doňduryldy.
XS
SM
MD
LG