Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskidäki partlamada türkmen raýaty agyr ýaralandy


Minskiniň metrosynda bolan partlamada ýaralananlary arasynda Türkmenistanyň raýatynyň hem bardygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Belarusdaky çeşmesiniň beren maglumatyna görä, 11- nji aprelde Türkmenistanyň raýaty Haýdar Çaryýew ýaralanypdyr.

1993-nji ýylda doglan Çaryýewiň Belarusyň Maglumat we radioelektronika boýunça Döwlet uniwersitetiniň 1-nji kursunda okaýandygy aýdylýar.

Minskiniň Tiz kömek hyzmatlary boýunça 1-nji keselhanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Gražina Şeýko Haýdar Çaryýewiň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Minskidäki heläkçilik bilen bagly Türkmenistanyň prezidenti Belarusyň prezidentine gynanç bildirdi.
XS
SM
MD
LG