Sepleriň elýeterliligi

Minskidäki partlamada türkmen studenti ýaralandy


Belarus resmileriň aýtmagyna görä, 11-nji aprelde bolan partlamada 12 adam ölüpdir, 150-den gowrak adam ýaralanypdyr we olaryň 22-si juda agyr ýagdaýda.

Belarus resmileriň aýtmagyna görä, 11-nji aprelde bolan partlamada 12 adam ölüpdir, 150-den gowrak adam ýaralanypdyr we olaryň 22-si juda agyr ýagdaýda.

Azatlyk Radiosynyň Belarusdaky çeşmesiniň beren maglumatyna görä, 11-nji aprelde Minskiniň metrosynda bolan bomba partlamasynda Türkmenistanyň raýaty Haýdar Çaryýew agyr ýaralandy.

18 ýaşly Çaryýew Belarusyň Maglumat we radioelektronika Döwlet uniwersitetiniň 1-nji kursunda okaýar. Şol terrakt boýunça “gyzgyn liniýanyň” wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Haýdar Çaryýew “Tiz kömek” hyzmatlaryny edýän 1-nji keselhananyň reanimasiýa ýagny, agyr hassalar bölüminde ýerleşdirilipdir.

Şol keselhananyň baş lukmanynyň orunbasary Gražina Şeýko Azatlyk Radiosyna Haýdar Çaryýewiň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy: “Häzirlikçe Çaryýewiň saglyk ýagdaýy agyr. Emma entek janyna howp abananok. Ol köp ýerinden ýaralanypdyr. Onuň döwük-ýenjigi hem köp. Çaryýew reanimasiýa bölüminde we oňa spesialistler, trawmatologlar seredýärler. Onuň ýanyna Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasyndan geldiler we häzir ýanynda ene-atasy hem bar. Ol häzirlikçe keselhanada galar we soňra näme etmelidigini ene-atasy çözer. Eger olar Çaryýewi Türkmenistana alyp gitmek kararyna gelseler, biz olara kömek ederis”.

Azatlyk Radiosynyň Belarusdaky çeşmesiniň tassyklamagyna görä, 18 ýaşly Haýdar Çaryýewiň bir aýagyny kesipdirler. Türkmenistanyň Minskidäki ilçihanasynyň sekretary Azatlyk Radiosy bu meselede sorag berende, şol bomba partlamasynda ýaralanan Türkmenistanyň raýaty barada özlerinde maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Iki adam tussag edildi



Belarusyň häkimiýetleri adam pidalaryna getiren bomba partlamasyny amala aşyranlykda şübhelenýän iki adamyň tussag edilendigini habar berdiler. Ýurduň içeri işler ministri Anatol Kulýaşou ministrligiň işgärleriniň ýokary hüşgärlik režiminde işleýändiklerini Minskide geçen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Ministrligiň ähli işgärleri ýokary hüşgärlik režiminde işleýärler. Olar, hususan, adam köp ýerlere uly üns berýärler. Hut şu maksat bilen biz goşmaça patrullary, güýjümizi, mümkinçiliklerimizi, serişdelerimizi peýdalanýarys” diýip, Kulýaşou nygtady.

11-nji aprelde Minskiniň metrosynda bolan bomba partlamasyndan soňra, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleri bu wakada ýaralananlaryň ýa-da heläk bolanlaryň arasynda öz raýatlarynyň ýokdugyny habar berdi. Emma Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi entek hiç hili maglumat ýaýratmady.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezident Berdimuhamedow Minskiniň metrosynda bolan terror hüjüminde ölenler we ýaralananlar bilen baglanyşykly Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko öz gynanjyny bildirdi.

Belarus resmileriň aýtmagyna görä, 11-nji aprelde bolan partlamada 12 adam ölüpdir, 150-den gowrak adam ýaralanypdyr we olaryň 22-si juda agyr ýagdaýda.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG