Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň umytlary başa barmady


Graždan aktiwisti ÝHHG-niň Almatadaky edarasynyň öňünde piket geçirýär. Plakatda “Men adalatly saýlawlaryň tarapdary” diýlip ýazylan, 13-nji ýanwar 2011-nji ýyl.
Graždan aktiwisti ÝHHG-niň Almatadaky edarasynyň öňünde piket geçirýär. Plakatda “Men adalatly saýlawlaryň tarapdary” diýlip ýazylan, 13-nji ýanwar 2011-nji ýyl.
3-nji aprelde geçirilen prezident saýlawlarynda Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýeňiş gazanmagy hiç kimi geň galdyrmady. Gaýtam näme sebäpden prezidente saýlawçylaryň diňe 95 ýarym prosenti ses berdi, näme üçin 99 prosenti ses bermedi diýip, geň galanlar bolaýmagy ähtimal. Saýlawlaryň hut şeýle geçjekdigi barada öňünden duýdurmadyňyz diýip aýtjak adam-da ýokdur.

Gazgystanda howul-hara yglan edilen saýlawlar, Nazarbaýew bilen bäsleşip bilmejek ýalan, ýasama garşydaşlaryň hasaba alynmagy, ýurtda hakyky opposisiýany ýamanlap, abraýyny gaçyrmak propagandasy, garaşsyz metbugatyň hem graždan jemgyýetiniň aktiwistleriniň yzarlanmagy, saýlaw gutularyna, saýlawdan öň býulletenleriň atylmagy ýaly ýagdaýlar bu saýlawlaryň nähili geçjekdigini öňünden çaklamaga esas döretdi.

Emma, ýatladyp geçsek, Gazagystandaky ýagdaý beýle bolmaly däldi. Geçen ýyl hemme taraplar Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylygyny Gazagystana geçirmegi ylalaşanlarynda, bu hormatly wezipä eýe bolan ýurt, özüne bolan bu ýokary ynamy reformalaryň geçirilmegi bilen ödemelidi. Ýagny, Günbatar tarapyndan edilen bu hoşniýetlilik alamatyna Merkezi Aziýadaky döwletleriň içinde ilkinji bolup şeýle ýokary wezipe ynanylan Gazagystan ýurtda hemmetaraplaýyn reformalary çalt depginde geçirmelidi. Bu ylalaşyk iki tarapa-da bähbitli bolmalydy. Ýagny, ÝHHG-niň ýolbaşçylygy ýurtda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy ýaramaz bolan Gazagystana berlip, bu ýurt halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşmelidi. Bu ýagdaý bolsa Gazagystanyň içinde reformalaryň geçirilmegine güýçli itergi berip, Gazagystanyň demokratiýalaşmagyna getirmelidi.

Beýle bolmady...

Hukuk goraýjy aktiwist, Gazagystanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň esasy tankytçysy Ýewgeniý Žowtis hem ÝHHG-ä ýolbaşçylyk etmegiň Gazagystana oňyn täsir etjekdigine ynanyp, ilkinji bolup bu ideýany goldanlaryň biridi. Ýöne Gazagystanyň bu gurama ýolbaşçylyk eden döwrinden tä häzire çenli diplomatlar gazak häkimiýetleri bilen gepleşik geçirip, Ýewgeniý Žowtisiň Gazagystanyň türmesinden çykarylmagyny gazanyp bilmän gelýärler.

Žowtis 2009-njy ýylda bir adamynyň ölmegine getiren ýol heläkçiligi sebäpli tussag edilipdi. Gijäniň garaňkysynda bolan bu heläkçilikde hukuk goraýjy aktiwistiň maşynynyň aşagyna bir ýolagçy düşüp, soňra heläk bolýar. Žowtisiň tarapdarlary bu wakada onuň günäsiniň ýokdugyny, heläkçiligiň öňüni almaklygyň mümkin bolmanlygyny aýdýarlar. Ýewgeniý Žowtisiň ganynda alkogol maddalary tapylmasa-da, onuň günäsi subut edilmese-de, hukuk goraýjy aktiwist 4 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Günbatar ýurlary bilen deňeşdirilende, ýol heläkçiliginde iki esse köp adam heläk bolýan Gazagystanda ýol heläkçiligi bilen bagly hemme işler edil Žowtisiň işi ýaly derňelmeýär. Garaşsyz sudlar bolan ýurtlarda Žowtisiň başyna düşen ýagdaý ýaly wakalarda türme tussaglygy çäre hökmünde ulanylmazdy. Gazagystanda bolsa Žowtisi gorar ýaly aklawçylaryň hyzmatyndan-da peýdalanmaga rugsat edilmedi. Şu ýylyň ýanwar aýynda Žowtisiň möhletinden öň şertli esasda azatlyga goýberilmegi baradaky arzasy häkimiýetler tarapyndan ret edildi.

Hukuk goraýjy aktiwist bilen bagly bu waka Gazagystanyň ÝHHG-ä ýolbaşçylyk etmegine ýol bermek baradaky kararyň ýalňyşdygynyň ilkinji alamaty boldy.

Bu wakadan biraz soň, derňew geçirýän žurnalist Ramazan Ýesergepow tussag edildi. Ýurtda metbugat azatlygyny gödek çäklendirýän Internet baradaky kanun kabul edildi. Gazagystanda “Live journal” we beýleki Internet saýtlary petiklendi. “Respublika” we beýleki oppozision neşirleriň yzarlanmagy güýçlendi.

Sözde hem iş ýüzünde

ÝHHG-niň 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Astanada geçirilen sammitinde gazak diplomatlary özlerini gaty gödek alyp bardylar. Olar hökümet tarapyndan gurnalan “hökümete degişli däl gurmalaryň” wekilleri bilen gelip, Gazagystanda hemme zadyň gülala-güllükdigini görkezmäge synanyşdylar. Hökümete tankydy bellikleri aýdan hakyky garaşsyz guramalaryň wekillerine gaty agressiw çemeleşdiler. Soňra bu konferensiýada çykyş eden gazak resmisi, tankydy pikirli graždan aktiwistlerini ýurda töhmet atmakda aýyplap, olaryň bu hereketleri üçin jogap bermeli boljakdyklaryny bildirip, haýbat atdy.

Käbir diplomatlar Gazagystanyň paýtagty Astanada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň forumynyň ýanynda graždan jemgyýetçiliginiň alternatiw konferensiýasynyň geçirilmegini öwseler-de, ÝHHG-niň Sowet döwründäki konferensiýalaryna gatnaşan meniň ýaly adamlar, hatda şol döwürdäki çärelerde-de olara gatnaşyjylar üçin has gowy şertleriň döredilendigini aýdyp bilerler.

Mysal üçin, 1985-nji ýylda Wengriýada geçirilen Medeni forum, 1991-nji ýylda Moskwada Adam ölçegleri boýunça geçirilen konferensiýa gatnaşyjylar özlerini has erkin duýupdylar. Şol döwürde bu çärelere gatnaşan hökümete degişli däl guramalaryň wekilleriniň sany-da, Astanadaky bilen deňeşdirilende, has köpdi. Aktiwistleriň özleri myhmanhana saýlap, hatda metbugat konferensiýalaryny-da geçirip bilýärdiler.

Geçen ýyl Astanada bolan konferensiýa bolsa resmilerden gatnaşanlaryň sany 6 müň adama golaý bolsa-da, berk gözegçilik astynda saklanan Astana şäherine hökümete degişli däl guramalardan diňe birnäçe ýüz adama barmaga rugsat berildi.

2010-njy ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanda möwç alan etniki konflikt Gazagystanyň emelsizdigini görkezdi. Bu waka bilen baglylykda Gazagystan ÝHHG-niň ýolbaşçysy hökmünde iň uly şowsuzlyga uçrady. Bu konfliktde 400-e golaý adam, esasan özbek milletinden bolanlar heläk boldular. Gazagystan bolsa konflikti köşeşdirip, asuda ilaty hüjümlerden gorajak 52 adamdan ybarat garaşsyz polisiýa missiýasyny Gyrgyzystanda ýerleşdirmek üçin, ÝHHG-niň agzalaryny yryp bilmedi. Ýurduň içinde reformalary geçirmek meselesinde-de, ÝHHG-niň ýolbaşçysy ýaly ýokary derejeli wezipä mynasyp bolan Gazagystan artyk netije gazanmady. Soňky wakalary bolsa Günbatar demokratiýasyna berlen şarpyk diýip häsiýetlendirse bolar.

Ilki bilen Nazarbaýewi ömürlik prezident etmek ugrunda ýöredilen kampaniýa, soňra howul-hara möhletinden öň geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň yglan edilmegi, netijesi öňünden belli bolan saýlawlary geçirmek ýaly wakalaryň ýurtda demokratiýanyň ösýändigine şaýatlyk etmeýändigi belli.

Göz boýamak

ÝHHG-niň Demokratik institutlar hem adam hukuklary boýunça edarasynyň ilçisi, bu edaranyň saýlawlara gözegçilik edýän uzak möhletleýin missiýasynyň ýolbaşçysy Daan Ewerts 4-nji aprelde ýaýradylan metbugat beýanatynda şeýle diýdi: “Gynansak-da, biz şeýle netijä geldik. Bu saýlawlar gowy bolmalydy, gowy bolup-da bilerdi”.

Şeýlelikde ÝHHG-niň Demokratik institutlar hem adam hukuklary boýunça edarasy “ýurtda hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin zerur bolan reformalar entek amala aşyrylmady” diýen netijä geldi.

Biz indi awtokratik režimli ýurtlara ÝHHG-e ýaly guramalara ýolbaşçylyk etmäge ýol bermek bilen, şol ýurtlaryň birden demokratiýalaşmagyny gazanyp bolmajakdygyna göz ýetirdik. Gaýta öz ýurdunda demokratiýany basyp ýatyrýan ýurtlara halkara derejesinde şeýle ýokary wezipe berlen halatda, şol döwletleriň ynsapsyzlygy ýaşyrylyp, mertebesi ýokarlandyrylýar.

Indi bolsa häzirki ýüze çykan ýagdaýda näme etmeli diýen sowal gelip çykýar. Ýöne bärde ýene bir kynçylyk bar. Ol hem Gazagystan bilen bagly agyryly wakalardan soň hem ÝHHG-niň içinde umydyň bardygy alada döredýär.

ÝHHG-niň Demokratik institutlar hem adam hukuklary boýunça edarasynyň ilçisi, bu edaranyň saýlawlara gözegçilik edýän missiýasynyň ýolbaşçysy Daan Ewerts Gazagystandaky ýagdaý “2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasy uzak garaşdyran reformalaryň geçirilmeginiň zerurdygyny görkezdi” diýip, 4-nji aprelde ýaýradylan metbugat beýanatynda belleýär.

Gazagystanyň çalt özgermäge ukyby bolan bolsa, näme üçin prezident saýlawlarynyň öň ýany, 2010-njy ýylda ÝHHG-ä ýolbaşçylyk eden ýylynyň dowamynda ýurtda reformalar amala aşyrylmady?

ÝHHG hem öz missiýasyny ýerine ýetirmek üçin özüni ösen demokratik ýurtlardaky ýaly alyp barmaly. Ol adam hukuklary we demokratik düşünjeleri ýaş, ýaňy demokratik ýola düşen ýurtlara sapak berip bilmeli. Ýagny bu gurama bilim berip, tehniki taýdan ýardam edip, demokratiýany öwredip boljakdygyna ynanmaly. Hamala, aýdaly, holodilnigiň remonty ýaly hünäri öwredýän seminara ýa-da dem alyş terapiýasynyň usullaryny öwredýän sapaklara gatnaşyp hünär öwrenen ýaly, liberal demokratiýa boýunça kursa gatnaşyp, demokratiýany öwrenip boljak ýaly.

Moral tutaryk

Demokratiýa partiýalaryň döredilmeginden başlap, polisiýa işgärlerine tälim bermek, parlamentiň işini ýola goýmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Ýöne, bu zatlary öwrenmek üçin adamlaryň erk-islegi gerek. Şeýle erk-isleg bolsa ýurtda geçirilýän proseslere bagly we ol häkimiýet bölünişigi amala aşyrylanda emele gelýar.

Bu prosesiň iň möhümi – syýasy taýdan häkimligi graždan jemgyýetine geçirmekden ybaratdyr. Bu proses bolsa öňki Sowet giňişligine girýän köp ýurtda asla amala aşyrylmady. Gazagystan ýaly ýurtlara ÝHHG-niň ýolbaşçylygyny bermek ýaly usullar dowam etse, bu proses agzalan ýurtlarda hiç haçan-da amala aşmaz.

Eýse, Günbatar ýurtlary we demokratiýanyň ýoluna ymykly düşen Gündogar Ýewropa ýurtlary demokratik däl döwletlere ÝHHG-de ýolbaşçylyk roluny bermän bilerlermi? Bu sowalyň jogabyny ýakyn geljekde tapsa bolar. Ýagny, 2013-nji ýylda bu gurama ýolbaşçylyk etmek nobaty Ukraina geçmeli. Ukrainada bolsa demokratik reformalaryň geçirilmeginde yza gaýdyşlyk duýulýar.

ÝHHG-niň ylalaşyklary hökmany däl, olaryň täsir ediş tutarygy ahlak meselesine esaslanýar. Ýöne bu guramanyň ýolbaşçylygyny esasy adam hukuklaryny äsgermeýän ýurtlara berilmezligini gazanmak gaty kyn zatmyka?

Katerin A. Fitzpatrik Nýu-Ýorkda iş alyp barýan žurnalist. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG