Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafä garşy howa hüjümleri ýaýbaňlandyrylar


Liwiýa boýunça halkara aragatnaşyk topary Muammar Kaddafiniň golaý wagtyň içinde häkimiýetden çekilmelidigini, şeýle-de oňa garşy göreşýän gozgalaňçylara maliýe kömeginiň berilmelidigini öňe sürýär.

Bu topar özüniň ilkinji duşuşygyny çarşenbe güni Dohada geçirdi. Bu duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun hem gatnaşdy.

Bu duşuşygyň soňunda ýaýradylan beýanatda “Kaddafiniň we onuň režiminiň ähli kanunçylygy ýitirendigi” aýdylýar.

Şeýle-de çarşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron, Liwiýadaky ýagdaýlary maslahat etmek üçin, Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen Parižde duşuşdy.

Fransiýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, bu duşuşygyň dowamynda Mumammar Kaddafiniň güýçlerine garşy NATO-nyň howa hüjümlerini ýaýbaňlandyrmak boýunça ylalaşylypdyr.
XS
SM
MD
LG