Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki meýdan komandiri täjik IIM-ne işe alyndy


Täjigistandaky graždan urşy döwründe Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň meýdan komandiri bolan Şoh Iskanderow ýurduň Içeri işler ministrligine işe alyndy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligiň metbugat wekili Mahmadullo Asadulloýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Iskanderow Raşt jülgesindäki Içeri işler departamentiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilipdir.

Içeri işler ministrligiň metbugat wekiliniň bellemegine görä, Iskanderow geçen ýylyň güýzünde Raşt jülgesindäki krizisi durnuklaşdyrmak boýunça eden tagallalaryna minnetdarlyk hökmünde, bu wezipä bellenilipdir.

Iskenderow Täjigistandaky 1992-1997-nji ýyllar aralygyndaky graždanlyk urşunda, Birleşen Täjik Oppozisiýasynyň tarapynda bolup, prezident Emomali Rahmonyň güýçlerine garşy göreşipdi.
XS
SM
MD
LG