Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama defisiti kemeltmek planyny hödür etdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň býujet defisitini kemeltmek boýunça planyny hödür etdi.

Bu planyň maksady 12 ýylyň dowamynda, ýa-da ondan hem az döwrüň içinde, Birleşen Ştatlaryň defisitini dört trillion dollar möçberinde kemeltmekdir.

Obamanyň hödür eden planynda içerki çykdajylary azaltmak, ýurduň harby pudagyna goýberilýän pullary kemeltmek, saglyk çykdajylaryny sazlamak, şeýle-de salgyt reformasyny geçirmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

Birleşen Ştatlaryň býudjet defisiti häzirki wagt 14 trillion 200 milliard amerikan dollaryna deň.
XS
SM
MD
LG