Sepleriň elýeterliligi

Putin prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp biler


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurduň 2012-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

Mundan ozal prezident Dmitriý Medwedew hem saýlawlarda öz kandidaturasyny goýup-goýmajakdygy baradaky kararyny ýakynda yglan etjekdigini duýdurypdy.

Premýer-ministr Putin žurnalistleriň öňünde çykyş edip, saýlawlara kandidatlyk meselesiniň juda ir orta atylmasy, hökümetiň gündelik durmuşyny bozup biljekdigini duýdurdy.

"Saýlawlara çenli ýene-de bir ýyl töweregi wagt bar. Bu saýlawlaryň daşyndaky alňasama işiň kadaly gurnalmagyna oňaýsyz täsini ýetirýär” diýip, premýer-ministr Putin çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG