Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň baş dipomatyna aýyplama bildiriler


Ysraýylyň Baş prokurory ýurduň daşary işler ministri Awigdor Libermene garşy korrupsiýada aýyplama bildirmekçi.

Emma aýyplama bildirilmezden ozal Liberman bilen adaty soňky diňlenşigiň geçirilmegine rugsat edildi.

Prokuraturanyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Libermana garşy galplyk, hapa pullary ýuwmak we şaýatlary gorkuzmak boýunça aýyplamalar bildiriler.

Ysraýylyň daşary işler ministrine garşy derňew işleri ençeme ýyl bäri dowam edip gelýär. Liberman özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG