Sepleriň elýeterliligi

Kairde Arap Ligasynyň maslahaty geçirildi


Şu gün Kairde Arap Ligasynyň maslahaty geçirildi. Oňa BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun we Arap ligasynyň başlygy Amr Musa ýolbaşçylyk etdi.

Bu duşuşykda Liwiýadaky krizisiň çözgüdini tapmak barada maslahat edildi. Oňa Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Ketrin Aşton, Yslam konferensiýasy guramasynyň başlygy Ekmeleddin Ihsanoglu we Afrika Bileleşiginiň komissiýasynyň başlygy Žan Piň gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Liwiýadaky krizisiň “syýasy”çözgüdini tapmaga we atyşyklary wagtlaýynça togtatmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG