Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunisiň kowulan prezidentine 18 günä ýöňkeler


Tunisiň adalat ministriniň aýtmagyna görä, prokurorlar häkimiýetden agdarylan prezident Zine Ben Alä jemi 18 günä ýöňkemek isleýärler. Olaryň arasynda adam öldürme, neşe gaçakçylygy we döwlete garşy dildüwişik bilen bagly aýyplamalar hem bar. Bular barada adalat ministri Lažar Çebbi milli telewideniýä beren interwiýusynda aýtdy.

Ben Ali 14-nji ýanwarda häkimiýetden agdarylandan soňra, Saud Arabystanyna gaçdy. Ol Tunisi 23 ýyllap dolandyrypdy.

Adalat ministri Çebbi öňki prezident Ben Alini suda çekmek üçin, onuň Tunise berilmegi barada Saud Arabystanyna ýüz tutandyklaryny aýtdy. Ol bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Protestler sebäpli, ýurtdan gaçyp giden Ben Alini, onuň aýalyny we beýleki maşgala agzalaryny tussag etmek barada Tunis Interpola ýüzlendi.
XS
SM
MD
LG