Sepleriň elýeterliligi

ÝB 32 eýranly resminiň bank hasaplaryny doňdurdy


Şu gün Ýewropa Bileleşigi eýranly 32 polisiýa işgäriniň, harbynyň, ýarym harbynyň, sud we türme resmileriniň bank hasaplaryny doňdurdy. Olar hökümete garşy protestçileriň, žurnalistleriň, aktiwistleriň we studentleriň hukuklaryny gödek bozanlykda aýyplanýarlar. Bu barada Ýewropa Bileleşigi şu gün habar berdi.

Bank hasaby doňdurylanlaryň arasynda Eýranyň polisiýasyny başlygy Ysmaýyl Mokaddam, Rewolýusiýa goragçylarynyň baş komandiri Muhammet Jafari, baş prokuror Gulam Huseýn Ejeý, türmeler baradaky guramanyň başlygy Gulam Hüseýn Ysmaýli we başgalar bar.

Olaryň aglabasy prezident Mahmut Ahmedinejad 2009-njy ýyldaky saýlawlarda täzeden prezident saýlanandan soň geçirilen protestleri basyp ýatyrmaga gatnaşanlykda aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG