Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BRICS BMG-de reforma geçirmäge çagyrýar


Ykdysadyýeti uly depgin bilen ösýän dünýäniň bäş iri döwletiniň liderleri Hytaýda geçen sammitde BMG-de reforma geçirmäge çagyrdylar.

Şu gün olaryň sammitiniň ahyrynda ýaýradylan beýanata görä, BMG-de kabul edilýän kararlarda ösýän ýurtlaryň roluny has-da artdyrmaly.

BRICS toparyna agza Braziliýa, Hindistan we Günorta Afrika BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy bolmaga çalyşýarlar.

BRICS toparynyň beýleki iki agzasy bolan Orsýet hem Hytaý Hemişelik geňeşe agza we olar öz hyzmatdaşlaryny goldaýarlar.
XS
SM
MD
LG