Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Оrs bloggeri korrupsiýa garşy göreşýär


Käri boýunça hukukçy Nawalnyý öz bloglarynyň üsti bilen adaty orsýetlileri resmileriň kanuny bozmalaryny paş etmäge höweslendirdi.
Käri boýunça hukukçy Nawalnyý öz bloglarynyň üsti bilen adaty orsýetlileri resmileriň kanuny bozmalaryny paş etmäge höweslendirdi.
Geçen aý azat pikiriň harby berkitmesi - bastiony hasaplanylýan Moskwanyň Ýokary ykdysadyýet institutynyň otaglarynyň birinde professorlar we studentler özara pikir alyşmak üçin ýygnandylar.

Bu otagda ýygnanan kameraçylardyr suratçylardan ýaňa ýer azlyk edýärdi. Olar bu ýerde hökümetiň tenderler boýunça kanunynyň maslahatyna syn etmek üçin gelipdiler. Dogursy, bu beýle bir uly ünsi çekjek çäre-de däl, aslynda bärde ünsi çekjek hiç zat ýokdy. Emma bu otagdaky bolýan zat diňe bir syýasy pikir alyşma däl-di. Biraz wagtdan soň, belli synçy bu ýerdäki bolan çäräni “möhüm waka” diýip häsiýetlendirdi.

Munuň ýeke-täk sebäbi bardy, ol hem pikir alyşyga gatnaşýanlaryň arasynda Alekseý Nawalnynyň bolmagydy. Nawalnynyň korrupsiýa garşy yglan eden söweşi halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Nawalnyý öz göreşi bilen soňky ýyllaryň dowamynda düýbünden näbellilikden meşhurlyga çenli ýetdi.

Käri boýunça hukukçy Nawalnyý öz bloglarynyň üsti bilen adaty orsýetlileri resmileriň kanuny bozmalaryny paş etmäge höweslendirdi. Ýöne Orsýetiň parlak ýyldyzyny orsýetlileriň köpüsi tananogam, bilenogam. Sebäbi halkyň aglabasy Internetde ýerleşdirilýän maglumatlaryň ýerine döwlet telewideniýesiniň görkezýän zatlaryny görýär we hut şoňa-da ynanýar.

Bilimi boýunça ýurist, 34 ýaşyndaky Nawalnyý öz işini öýündäki kompýuteriniň başynda ýöredýär. Nawalnynyň aýtmagyna görä, Orsýetde korrupsiýanyň derejesi şeýle bir ýokary welin, hökümetiň özi hem her ýyl döwlet şertnamalaryndan 35 milliard dollaryň ogurlananýandygyny ykrar edýär.

“RosPil”

Nawalnyý korrupsiýa baradaky maglumatlary özüniň Web saýtynda we beýleki ýerlerde bloglaryň üsti bilen ýaýradýar. Onuň soňky döreden websaýty “RosPil” diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde islendik adam ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet tenderleri baradaky maglumatlary we dokumentleri ýerleşdirip bilýär.

Russian Blogger Attacks Ruling Tandem
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:28 0:00

“RosPil” eýýäm bu ugurda göze ilýän belli bir üstünlikleri hem gazanyp başlady. Diňe bir mysal hökmünde Orsýetiň iň garyp sebitleriniň biri bolan Dagystanyň Maliýe ministriniň 300,000 dollarlyk Audi Sedan awtoulagyny satyn almak şertnamasynyň ýatyrylmagyny agzasa bolar.

Emma, Nawalnynyň beýleki üstünlikleri has täsirli boldy. 2007-nji ýylda Nawalnyý ýurduň uly kompaniýalarynyň kiçi göwrümdäki asksiýalaryny satyn alyp başlady. Soňra-da bu kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň girdejileri nähili harçlaýandyklary barada hasabat ýygnady. “Haçanda men olaryň futbol klublaryny satyn alandyklaryny, şahsy uçarlarynda syýahat edýändiklerini her gün okanymda, bularyň ählisiniň menden ogurlanan pullaryň hasabyna maliýeleşdirilýändigine düşündim” diýip, Nawalnyý aýdýar.

"Hut şu sebäpli men juda bir ýönekeý işi bitirmegi karar etdim. Eger-de jenaýatlar bu derejede açyk amala aşyrylýan bolsa, näme üçin bularyň üstünden suda ýa-da prokuratura arz etmeli däl? Bu gaty bir ýönekeý zat, ýöne menden öň munuň bilen asla hiç kim meşgullanmandy” diýip, Nawalnyý belledi.

Geçen ýylyň noýabrynda Nawalnyý Orsýetiň gaz geçirijileri boýunça monopoliýany öz elinde saklaýan döwlet eýeçiligindäki “Transnefte” degişli maglumatlary çap etdi. Bu maglumatlarda aýdylmagyna görä, “Transneft” ýasama kontraktlaryň üsti bilen Hytaýa tarap gurulýan gaz geçirijiden dört milliard dollar töweregi pula eýe bolupdyr. “Transneft” bu aýyplamalary iňkär edýär, ýöne her niçigem bolsa, bu ýagdaý bilen bagly derňew işi açyldy.

Şeýle-de Nawalnyý Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki läheňleri “Gazpromyň” we “Rosneftiň” üstüne abanýar. Mundan başga-da 2010-njy ýylda Nawalnynyň tagallalary netijesinde döwlet eýeçiligindäki VTB bankyna garşy derňew işi açyldy.

Emma Nawalnyý özüniň bu üstünliklerine garamazdan, tä Putin häkimiýetden gidýänçä, Orsýetde özgerişleriň boljakdygyna ynanmaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG