Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçihanasy lukmanlaryň ýurtdan çykarylmazlygyna alada bildirýär


ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň baş edarasy.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň baş edarasy.
Şu hepde ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen inisiatiwasy topary 6-njy aprelde türkmenistanly medisina işgärleriniň bir toparynyň alyş-çalyş programmasy boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitmeklerine ýol berilmändigi barada maglumat ýaýratdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmileriniň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtmaklaryna görä, bu wakada 7 sany medisina işgäri Aşgabadyň halkara aeroportdan yzyna gaýtarylypdyr.

Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça bölüminiň resmisi Bradley T. McGuire: «Biz bu ýagdaýa alada bildirýäris. Sebäbi, bu alyş-çalyş programmalary uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän programmalar. Bular ýaly alyş-çalyş çäreleri bolsa, öz gezeginde, biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklarynyň berkemegine ýardam edýär. Hut şoňa görä-de, biz şeýle çärelere iň ilkinji orunda ähmiýet berýäris. Ýöne bu soňky waka ýaly zatlar bu alyş-çalyş programmalaryna garşy gelýär” diýip, bu waka baradaky aladasyny mälim etdi.

Bu waka bagyşlanylan ýörite «Adam hukuklary» gepleşigini diňlemek üçin sag tarapdaky düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG