Sepleriň elýeterliligi

«Ak şäherim - Aşgabat»


Aşgabadyň durkuny onuň Sowet häkimiýeti ýyllaryndaky durkundan köp zatlar tapawutlandyrýar.

Aşgabadyň durkuny onuň Sowet häkimiýeti ýyllaryndaky durkundan köp zatlar tapawutlandyrýar.

13-nji aprelde Aşgabadyň Sergi köşgünde «Ak şäherim - Aşgabat» ady bilen halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Kompozitor Weli Muhadowyň sazyna döredilen we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmegindäki «Aşgabat» diýen aýdym Sowet häkimiýeti ýyllarynda köpler tarapyndan söýlup diňlenilýän aýdymlardan biri bolupdy.

«Aşyklaryň şäheri» diýlip atlandyrylýan Aşgabat şäheriniň gözelligini ozallar bagşylar aýdymlarda wasp eden bolsalar, bu günki gün muňa bagyşlanylyp halkara maslahatlarynyň we sergileriniň-de geçirilýändigini görmek bolýar.

Köp zatlar tapawutlandyrýar

Garaşsyzlyk ýyllarynda uly gurluşyklaryň merkezine öwrülen we düýpgöter durky täzelenen paýtagt Aşgabadyň durkuny onuň Sowet häkimiýeti ýyllaryndaky durkundan köp zatlar tapawutlandyrýar.

Mary şäherinden gelip, Aşgabatda köp ýyllar bäri işleýän 46 ýaşly Geldimyrat şu günki Aşgabady Sowet häkimiýeti ýyllaryndaky Aşgabatdan tapawutlandyrýan zatlaryň köpdügini aýtdy.

Hususan-da, onuň aýtmagyna görä, şu günki gün paýtagtda, Sowet ýyllarynda bolşy ýaly, topar-topar bolşup aladasyz gezip, şagalaň gurnap ýören ýaşlary görmek kyn. Ol ýaşlaryň indi öz geljekleriniň aladasyny edip, kompýuter we dil kurslary ýaly kurslara gatnamak, nähilidir bir ýollar bilen gazanç etmek ýaly işler bilen başagaýdyklaryny aýtdy.

Şeýle hem, Geldimyrat Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleriň-de soňky wagtlar Türkmenistanyň paýtagtyny regiondaky iň bir gözel şäherleriň birine öwrendigini belledi.

Emma onuň bu pikiri bilen graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow kän bir ylalaşmaýar. Ol Aşgabadyň merkezinde gurulýan binalaryň oýlanyşyksyz gurulýandygyny we ululy-kiçili baş-başdak binalaryň şäheriň görküni bozýandygyny öňe sürdi.

Emma Sazak Durdymyradowyň bu garaýşyna garamazdan, maryly Geldimyrat soňky wagtlar Türkmenistanyň paýtagtynyň diňe bir gözellik taýdan däl, eýsem ykdysady babatda-da käbir daşary ýurtlaryň raýatlaryny-da özüne çekýändigini görkezýän faktlaryň az däldigini aýtdy.

Ol: «Ýakynda Latwiýadan Aşgabada gelip, telekeçilik bilen meşgullanýan bir rus adamsy Aşgabatdaky ýagdaýlaryň Pribaltikadaky ýagdaýlardan has gowudygyny aýtdy. Täjigistanyň paýtagty Duşenbä baryp gelen başga bir türkiýeli tanşym bolsa, Duşenbäniň Aşgabat bilen deňeşdirilende has garypdygyny tekrarlady. Mundan başga-da, bir-iki günlükde Ukrainadan Aşgabada ýaşamaga gelen bir aýal hem bu ýerdäki gün-güzeran ýagdaýynyň Ukrainadaky ýagdaýlardan has ganymatdygyny aýtdy» diýip, gürrüň berdi.

Ýaşlaryň gözýetimi

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň medeniýet we bilim pudagynda amala aşyran we amala aşyrýan reformalary dürli hili diskussiýalaryň hem temasyna öwrüldi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir halkara guramalary Türkmenistanda ýaşlaryň bilim almak we işe ýerleşmek mümkinçilikleriniň çäklendirilendigini, olaryň okuw jaýlarynda-da milli geýim geýmek we yzygiderli resmi çärelere gatnaşdyrylmak ýaly artykmaç kynçylyklara sezewar edilýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edip gelýärler.

Aşgabat şäheriniň mekdepleriniň biriniň 7-nji klasynda okaýan Maral paýtagtda orta mekdepleriň okuwçylarynyň hem köplenç şeýle artykmaç çärelere gatnaşdyrylýandyklaryny we özleriniň stadionlardadyr teatrlarda tomaşaçy ýetmezçiligini doldurmak bilen meşgullanýandyklaryny tassyklady.

Ýöne ýaşlaryň wagtlarynyň tygşytly tutulyp, olaryň özlerini alyp baryşlaryna belli bir derejede gözegçiligiň bolmagyny oňlaýan ene-atalar hem az däl. 46 ýaşly Geldimyrat soňky wagtlar şu ugurda häkimiýetleriň alyp barýan çäreleriniň paýtagt Aşgabatda ýaşlaryň edep-terbiýesine oňyn täsirini ýetirýändiginiň aýdyň göze ilýändigini tassyklady.

Ýöne, beýleki tarapdan, Geldimyrat her bir ýurduň paýtagtynyň dürli ugurlar boýunça nusga alynýan merkez bolmalydygyny belläp, bu ugurda Türkmenistanyň paýtagtynda-da ýaşlaryň daşarky medeniýetler we ösüş tendensiýalary barada gözýetimlerini has giňeltmek ugrunda çäreleriň zerurdygyny nygtady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG