Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa Moskwadan ýüz öwürýärmi?


Muhin: "Haçanda öňki liderler häkimiýetden gidensoň, Orsýetiň ýolbaşçylarynyň, umuman, ýönekeýje problemany çözmäge hem güýji ýetmedi".

Muhin: "Haçanda öňki liderler häkimiýetden gidensoň, Orsýetiň ýolbaşçylarynyň, umuman, ýönekeýje problemany çözmäge hem güýji ýetmedi".

Orsýetiň metbugatynyň ýazmagyna görä, 13-nji aprelde Döwlet Dumasynda “Merkezi Aziýa: Strategiki partnýorlyk we howpsuzlyk problemalary” diýen temadan ýapyk gapylaryň aňyrsynda diňlenişik geçirildi. Şol bir wagtda orsýetli käbir synçylar Moskwanyň Merkezi Aziýadaky biznes bäbitlerine howp abanýandygyny duýdurýarlar. Olar muňa mysal hökmünde Türkmenistanda MTS-iň we Gyrgyzystanda MegaCom kärhanasynyň başyna düşen wakalary getirýärler.

Orsýetiň Merkezi Aziýadaky biznes bähbitlerine şeýle howp barmy? Bu barada Azatlyk Radiýosyndan Guwanç Gere düýbi Moskwada ýerleşýän Syýasy informasiýalar merkeziniň başlygy, syýasatşynas Alekseý Muhin bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Muhin, käbir orsýetli ekspertler soňky döwürde Kremliň Merkezi Aziýadaky biznes bähbidine güýçli zarba urulýandygyny aýdýarlar. Siziňçe, bu dogrumy?

Moskwada ýerleşýän Syýasy informasiýalar merkeziniň başlygy, syýasatşynas Alekseý Muhin
A.Muhin:
Şeýle aladanyň esaslydygy gürrüňsiz. Görlüp oturylsa, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine sermaýa ýatyrýan Orsýetiň şirketleri köp töwekgellik edýär. Olaryň adminstratiw eden-etdilik bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Ýagny, häkimiýetler şol şirkletleriň ýurtda işlemeginiň islenmeýändigine düşünmeklerini dürli ýollar bilen görkezmäge çalyşdylar. Mundan başga-da olaryň ýatyran sermaýasynyň häkimiýetler bilen işleşýän ýerli şirketlere gerekdigi belli boldy. Sebäbi, mysal üçin, türkmen lideriniň bähbitlerini araýan döwletiň şirketlerine hökümet gözegçilik edýär. Hut döwlet adminstratiw basyşlar bilen Türkmenistandan çykmaga mejbur edilen MTS-iň ähli biznesine eýeçilik edýär. Eýse, türkmen lideri daşary ýurt inwestorlary babatda özüni şeýle alyp barýan bolsa, onda ol Günbatar Ýewropa resmi sapar edende, nämäniň gürrüňini etdikä diýen sowal döreýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaýlaryň emele gelmeginiň nähili sebäpleri bolmagy mümkin?

A.Muhin: Bu ýerde türkmen lideriniň dürli pudaklardaky biznes sistemasy barada gürrüň gidýär. Muňa onuň özi üçin döredýän biznes sistemasy hem girýär. Meniň pikirimçe, eger Türkmenistan daşary ýurt sermaýasy we Orsýetiň şirketleri bilen partnýorlyk gatnaşyklary barada gyzyklanýan bolsa, şeýle ýagdaýy aklamak bolardy. Men Orsýetiň hökümetiniň bu problemadan uzakda durýandygyna hem haýran galýaryn. Ol problemany çözmeklige hem gatnaşmaýar. Hakykatda welin, bu Orsýetiň ýolbaşçylarynyň borjy.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň biznes gatnaşyklarynda oňaýsyz ýagdaýlaryň emele gelmegine geçen 20 ýyl çemesi döwürde Kremliň Merkezi Aziýanyň awtoritar režimlerini berk goldamak we hatda regiondaky öz raýatlarynyň hem hukuklarynyň bozulmagyna göz ýummak syýasatynyň netijesi diýmek mümkinmi?

A.Muhin: Meniň pikirimçe, Moskwanyň Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda postsowet giňişligindäki partnýorlary barada anyk syýasaty hiç wagt bolmady we häzirem ýok. Hut şeýle ýagdaý häzir Orsýetiň hereket etmezliginiň esasy sebäbidir. Moskwa Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryny regionyň liderleri bilen şahsy gatnaşyklary esasynda ýola goýdy. Haçanda şol liderler häkimiýetden gidensoň, Orsýetiň ýolbaşçylarynyň, umuman, ýönekeýje problemany çözmäge hem güýji ýetmedi.

Azatlyk Radiosy: Eýse, Orsýetiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen biznes gatnaşyklaryny halkyň isleýşi ýaly ýola goýmagyna nähili mümkinçilikler bar?

A.Muhin: Elbetde, Merkezi Aziýanyň islendik ýurdy Orsýet Federasiýasynyň tebigy ýarany. Olaryň edil Orsýet Federasiýasy bilen gyzyklanyşy ýaly, Orsýet hem Merkezi Aziýanyň islendik ýurdy bilen gyzyklanýar. Bu ýerde medalyň iki tarapy bar. Meselem, Orsýet bilen Türkmenistany alsak, olar syýasy we ykdysady ugurlarda biri-birine eglişik etmeli. Başga tarapdan, olar özara gatnaşyklaryny deňhukukly ýola goýmaly. Görnüşi ýaly, hut şu hem başa barmaýar. Çünki, edil Krylowyň basnýasyndaky ýaly, “Her kim ýorgany özüne çekýär”. Netijede gözgyny ýagdaý emele gelýär.

Meniň pikirimçe, Orsýetiň we Türkmenistanyň liderleriniň özara gatnaşyklarynyň şahsy mehanizmleriniň, şeýle-de MTS ýaly kärhanalaryň problemalaryny çözmek üçin hukuk mehanizminiň ýokdugy üçin anyk ykdysady wezipäni çözmäge mümkinçilik bermeýän yzygiderli ýalňyşlyklar emele geldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG