Sepleriň elýeterliligi

Minski partlamasy boýunça ýene iki adam tussag


Belarusda Minskidäki metro stansiýasynda amala aşyrylan partlama dahyllylykda güman edilip, ýene-de iki adam tussag edildi.

11-nji martda bolan partlamada 12 adam ölüp, 200 töweregi adam ýaralanypdy.

Mundan öň, çarşenbe güni bu waka bilen ilteşikli üç adamyň tussag edilendigini ýurduň resmileri habar beripdi.

Ýurduň Baş prokurorynyň orunbasary Andreý Şwediň aýtmagyna görä, tussag edilen bäş şahsyň ählisi Belarusyň raýaty bolup, olar 30 ýaşdan aşakda.
XS
SM
MD
LG