Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada harby operasiýalar dowam etdiriler


Britaniýanyň, Fransiýanyň we Birleşen Ştatlaryň liderleri tä Muammar Kaddafi häkimiýetden gidýänçä, Liwiýada harby operasiýanyň dowam etdiriljekdigine söz beridler.

Atlantikanyň iki tarapynyň hem gazetlerinde çap edilen bilelikde ýazylan makalada nygtalmagyna görä, Deýwid Kameron, Nikolýa Sarkozi we Barak Obama Kaddafiniň häkimiýetde galdyrylmagy Liwiýa halkyna garşy edilen “wyždansyz dönüklik” boljakdygyny aýdypdyrlar.

Bu makalanyň çap edilmeginden bir gün ozal Liwiýadaky gozgalaňçylar howa hüjümleriniň ýaýbaňlandylmagyny sorap, çagyryş etdiler.

Gozgalaňçylaryň aýtmagyna görä, hökümet güýçleri olary gyrgyna berýär.
XS
SM
MD
LG