Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan - AÖB hyzmatdaşlygy maslahat edildi


Penşenbe güni paýtagt Aşgabatda Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen orta möhletleýin hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işläp düzmek boýunça seminaryň geçirilendigini TDH habar berýär.

Aziýanyň ösüş banky – dünýäniň iň öňde baryjy maliýe guramalarynyň biri bolup, onuň agzalygyna 67 döwlet, şol sanda Türkmenistan hem girýär.

Şeýle-de geçen ýyl bankyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasyny açmak boýunça ylaşyga-da gol goýuldy.

Aziýanyň ösüş banky Demirgazyk-Günorta demir ýol koridorynyň demirgazyk böleginde elektro-energiýa, telekomunikasiýa üpjünçiligini maliýeleşdirmäge gatnaşýar.

Şeýle-de Aziýanyň ösüş banky Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji proýektiniň amala aşyrylmagy üçin tehniki we maliýe kömegini berýär.
XS
SM
MD
LG