Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýadaky režimler Moskwany alada goýýar


Döwlet Dumasynyň GDA döwletleri boýunça başlygynyň orunbasary Anatoliý Korendýasew Merkezi Aziýa bagyşlanan diňlenişikleriň öňden bäri planlaşdyrylan çäre bolanlygyny aýtdy.

Döwlet Dumasynyň GDA döwletleri boýunça başlygynyň orunbasary Anatoliý Korendýasew Merkezi Aziýa bagyşlanan diňlenişikleriň öňden bäri planlaşdyrylan çäre bolanlygyny aýtdy.

13-nji aprelde Orsýetiň Döwlet Dumasynda “Merkezi Aziýa regiony: strategik hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk problemalary” diýen temadan parlament diňlenişikleri boldy. Bu diňlenişikler GDA-nyň meseleleri we watandaşlar bilen aragatnaşyk boýunça komiteti tarapyndan geçirildi.

Maslahatda arap döwletlerinde bolan halk tolgunyşyklarynyň Merkezi Aziýada ýüze çykmagynyň ähtimallygy we Orsýetiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen wiza režimini pugtalandyrmak meseleleri barada hem pikir alşyldy.

Döwlet Dumasynyň GDA döwletleri boýunça başlygynyň orunbasary Anatoliý Korendýasew Merkezi Aziýa regionyna bagyşlanan diňlenişikleriň öňden bäri planlaşdyrylan çäre bolanlygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Döwlet Dumasynda geçirilen parlament diňlenişikleri ýapyk tertipde amala aşyryldy. Korendýasew bu çäräniň ýapyk tertipde geçirilmeginiň sebäbini düşündirip, köpçülige paş etmezden ozal, ors resmileriniň ýagdaýlardan ugur alyp, öz mümkinçiliklerini kesgitlemek islänligini belledi.

“Bu yerde syrly hiç zat ýok. Bu GDA we watandaşlar boýunça komitetiň adaty maslahaty boldy. Biz Orsýetiň syýasatyny kesgitleýan köp edaralaryň, şol sanda Daşary işler we Ykdysady ösüş ministrlikleriniň gatnaşmagyny isledik. Biz öz resurslarymyza we emele gelen ýagdaýlara syn etmek we Merkezi Aziýadaky partnýorlarymyza näme teklip edip boljagyny bilmek isledik” diýip, Korendýasew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Arap döwletleri bilen deňeşdirme

Parlament diňlenişiklerinde Orsýetiň Merkezi Aziýa bilen öňden alyp barýan aragatnaşyklarynyň we bähbitleriniň nazara alynmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol bir wagtda-da regiondaky oýunçylaryň hereketleriniň öňdengörüjilikli we aýdyň bolmagynyň zerurdygy aýdyldy.

Merkezi Aziýa döwletlerine, hususan-da, arap ýurtlaryndaky soňky syýasy ýagdaýlaryň nukdaýnazaryndan garaldy.

Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin soňky döwürde Merkezi Aziýada howplaryň güýçlenýänligini belledi. Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa döwletleri öz içerki ýagdaýlarynyň Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky wakalara meňzeş ýoldan özgermegini islemeseler, dürli ugurlardan ençeme demokratik reformalary geçirmeli.

Diňlenişikde regiona gönümel maýa goýumlaryny ýatyrmakdan, ýagny ol ýa beýleki režimleri açyk goldap, gatnaşyklaryň şahsylaşdyrylmagyndan ýüz öwürmek teklibi hem orta atyldy.

Wiza çäklendirmeleri


Maslahatda Merkezi Aziýa döwletleri bilen goşmaça pasport gözegçiligini girizmek ýa-da wizasyz düzgüni doly ýatyrmak teklibi hem öňe sürüldi.

Döwlet Dumasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň agzasy Semýon Bogdasarowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Federal Migrasiýa we Neşä gözegçilik gulluklarynyň öňe süren bu teklibi Orsýetiň howpsuzlygyna gezek gelende, aktual.

Bogdasarowyň sözlerine görä, Orsýet bilen özara wizasyz Merkezi Aziýa döwletleriniň Owganystan bilen serhetleriniň goragynyň gowşaklygy neşe gaçakçylygy we terrorçylyk ýaly howplaryň Orsýete ýaýramagyna mümkinçilik döredýär. Ol bu ýagdaý ilkinji nobatda Orsýet bilen wizasyz Özbegistana, Täjigistana we Gyrgyzystana degişli diýýär.

Emma Globallaşmak problemalary we sosial hereketler boýunça institutyň müdiri, syýasaty öwreniji Boris Kagarlitskiniň pikiriçe, wiza režiminiň pugtalandyrylmagy bikanun migrasiýanyň möçberiniň artmagy we häkimiýetleriň muňa gözegçilik ukybynyň gowşamagy ýaly netijeleri berip biler.

13-nji aprelde Orsýetiň Döwlet Dumasynda geçirilen parlament diňlenişiklerine parlament agzalary, şeýle-de prezidentiň administrasiýasynyň, Howpsuzlyk Geňeşiniň, Federal migrasiýa gullugynyň, Neşe dolanyşygyna gözegçilik boýunça federal gullugynyň we Goranmak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG