Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidentiniň gyzy fransuz neşirini suda berdi


Özbegistanyň ÝUNESKO-daky wekili, Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Lola Kerimowa (sagda) fransuz aktýory Alain Delon bilen haýyr-sahawata bagyşlanan agşamlyk naharynda, Pariž, 2009-njy ýylyň 8-nji apreli.
Özbegistanyň ÝUNESKO-daky wekili, Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Lola Kerimowa (sagda) fransuz aktýory Alain Delon bilen haýyr-sahawata bagyşlanan agşamlyk naharynda, Pariž, 2009-njy ýylyň 8-nji apreli.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň ikinji gyzy Lola Kerimowa, öz kakasyny diktator diýip atlandyrany üçin, “Rue 89” neşirini suda berdi.

Lola Kerimowa Fransiýadaky garaşsyz žurnalistleriň iň uly we iň meşhur internet neşiri hasaplanýan “Rue 89” internet gazetini töhmetçilikli maglumat ýaýradyp, öz abraýyny gaçyrdy diýip günäleýär we özüne ýetirilen ruhy zyýan üçin bu neşirden 30 müň ýewro talap edýär.

Haýyr-sahawat agşamlary

Lola Kerimowanyň şikaýat arzasyna “Rue 89” neşiriniň habarçysy Augustin Skalbertiň Fransiýada Lola Kerimowanyň geçiren haýyr-sahawat agşamlary hakynda ýazan makalalary esas boldy. Bu makalalarda Fransuz žurnalisti Lola Kerimowanyň Günbataryň, hususanda Fransiýanyň baý adamlary, kino we medeniýet ýyldyzlary bilen dabaraly agşamlary we haýyr-sahawat agşamlaryny gurnamak arkaly öz kakasy – “diktator Yslam Kerimowyň” hökümdarlygy astynda Özbegistanyň halkara imidžini bolşundan artyk gowy edip görkezmäge çalyşýandygy hakda ýazypdy.

Makalalaryň awtory Augustin Skalbert Azatlyk Radiosy bilen söhbetde Lola Kerimowanyň dawasy barada öz pikirini şeýle beýan etdi: “Saýtymyzda Lola Kerimowa hakda üç sany makala çap edildi. Bu makalalarda Lola Kerimowanyň haýyr-sahawat agşamlaryny geçirmek arkaly Özbegistanyň Fransiýadaky imidžini bolşundan artyk gowy görkezmäge çalyşýandygyny ýazypdyk. Aslynda Lola Kerimowanyň diktator kakasy Özbegistanda garyplyga garşy göreş we adam hukuklary meseleleri boýunça gyzynyň edýän propagandasyna umuman gapma-garşy iş ýöredýär”.

Lola Kerimowanyň gurnaýan dabaraly agşamlaryna gatnaşan fransuz we beýleki ýewropa neşirleri Lolanyň we onuň aýal dogany, Özbegistanyň Ženewadaky BMG-niň edarasynyň hemişelik wekili we Ispaniýadaky ilçisi Gülnaranyň “owadanlygy, ylymly-bilimliligi, parasatlylygy” hakynda ýazýan wagtynda “Rue 89” neşiri başga ýoly saýlap aldy: beýleki neşirler Kerimowyň gyzlarynyň Pariždäki ajaýyp durmuşy we olaryň Özbegistanyň gülläp ösýändigini tekrarlamagy näderejede hakykata laýyk gelýär, ine, şuny bilmäge çalyşdy. Netijesde “Rue 89” ýagdaýyň bir-birine umuman gapma-garşydygyny anyklady we ony çap etdi.

Näme üçin?


“Human Rights Watch”, “Freedom House”, “Amnesty International”, “Serhetsiz reportýorlar” ýaly guramalar “Yslam Kerimow diktator” diýip başlanýan makalalary yzygiderli çap edip gelýärler. Emma näme üçin Lola Kerimowa bu garaşsyz internet gazetini suda berdi? “Muňa sebäp, belki, biziň Fransiýada meşhurdygymyz ýa-da Lola Kerimowanyň maslahatçylarynyň akmaklygydyr” diýip, Augustin Skalbert aýtdy.

Häzir Şwesiýada ýaşaýan žurnalist Tolkun Karaýew Lola Kerimowanyň bu işine geň galandygyny aýdýar: “Lola Kerimowa öz kakasynyň diktatordygyny bilmeýändir öýdemok. Bu işden maksat köpçüligiň ünsüni özüne çekmek, onsoňam perzent hökmünde öz kakasyny goramak. Sud prosesi geçirilse, özüniň utuljakdygyny ol gowy bilýändir. Şonun üçin ol suda barmaz”.

Žurnalist suduň boljagyna hem ynanmaýar. Ol Lola Kerimowanyň bu hereketine düýpli pikirlenmän edilen iş diýip baha berdi: “Onuň bu hereketi kakasynyň hem göwnünden turmaz. Sebäbi Kerimowyň režimine we diktaturasyna bütin dünýäniň ünsi çekiler. Özbegistan ýene-de dünýä habar serişdeleriniň üns merkezinde bolar. Lola Kerimowa gaş bejerjek bolup, göz çykarýana meňzeýär”.

Boljak sud prosesi barada Lola Kerimowanyň ýa-do onuň bilen bile işleýänlerin pikirini bilmek üçin Özbegistanyň ÝUNESCO-daky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda berlen telefon nomerlerine jaň edip, olar bilen gepleşip bilmedik. Maglumatlara görä, sud işi üstümizdäki ýylyň 19-njy maýynda başlanar.
XS
SM
MD
LG