Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde NATO-nyň duşuşygy dowam etdi


Şu gün NATO bileleşigine agza 28 döwletiň daşary işler ministleri Germaniýanyň paýtagty Berlinde öz gepleşiklerini ikilenji gün dowam etdirdiler.

Bu gepleşiklerde käbir beýleki meseleler bilen birlikde NATO-nyň öz gündogar goňşulary, hususan-da, Orsýet, Ukraina we Gürjüstan bilen gatnaşyklaryna degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şu gün, maslahatyň ikilenji güni oňa Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem goşuldy. Şu gün hem NATO-Orsýet geňeşi Moskwa bilen NATO-nyň hyzmatdaşlyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşar diýlip garaşylýar.

Düýn, maslahatyň ilkinji güni NATO-nyň resmileri bu harby bileleşigiň Liwiýada alyp barýan çäreleri we Owganystandaky harby operasiýalaryň jogapkärçiligini bu ýurduň öz harbylaryna tabşyrmak meseleleri barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG