Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň güýçleri belli söweşijini atyp öldürdi


Şu gün Täjigistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň iň bir belli söweşjeň liderlerinden biri Abdullo Rahimowyň ýörite operasiýada atylyp öldürilendigini tassyklap beýanat ýaýratdy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Madmadullo Asadulloýew «Molla Abdullo» diýlip atlandyrylýan söweşjeň lider Abdullo Rahimowyň 14-nji aprelde Duşenbeden 135 kilometr gündogarda ýerleşýän Nurobod etrapynyň Samsolik obasynda geçirilen operasiýada özüniň 10 sany söweşijisi bilen bilelikde öldürilendigini tassyklady.

Täjigistanyň häkimiýetleri geçen ýylyň sentýabrynda Kamarob jülgesinde harbylaryň ulag kerwenine edilen hüjümde-de Molla Abdullony we onuň söweşijilerini aýyplaýarlar. Şol gürrüňi edilýän hüjümde jemi 26 sany harby ölüpdi.
XS
SM
MD
LG