Sepleriň elýeterliligi

Palestinada italiýaly aktiwistiň jesedi tapyldy


Şu gün Palestinanyň Gaza Sektorynyň howpsuzlyk resmileri düýn zamun alnan, palestin meseleleri boýunça italiýaly aktiwist Wittorio Arrigoniniň jesediniň tapylandygyny mälim etdiler.

Wittorio Arrigoni hepdäniň penşenbe güni “Al-Kaýda” bilen baglanyşykly hasaplanylýan bir ekstremistik salafaçylar topary tarapyndan Gaza Sektorynda zamun alnypdy.

Salafaçylar topary Hamas topary tarapyndan dolandyrylýan Gaza Sektorynyň häkimiýetlerinden bu toparyň türmedäki agzalarynyň azatlyga goýberilmegini talap edipdiler.

Hamas toparynyň howpsuzlyk gullugynyň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, italiýaly aktiwist Wittorio Arrigoniniň jesedi düýn giçlik bir harabalyk jaýdan tapylypdyr.
XS
SM
MD
LG