Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamada polisiýa başlygy öldi


Şu gün Owganystanyň Kandagar şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda bu welaýatyň polisiýa edarasynyň başlygy Han Muhammad Mujahid bu hüjümiň pidasy boldy.

Polisiýa edarasynyň resmileri bu wakada ýene iki sany polisiýa ofiseriniň ýaralanandygyny habar berdiler.

Geçen aý hem şuňa meňzeş bir hüjümde Owganystanyň Gunduz welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG