Sepleriň elýeterliligi

Iki horwat generaly türme tussaglygyna höküm edildi


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara tribunaly iki sany horwat generalyny 1990-njy ýyllaryň ýugoslaw urşunda uruş jenaýatçylygyny amala aşyranlykda günäli tapyp, olary uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, BMG-niň sudy ozalky harby general Ante Gotowinany 24 ýyl, beýleki bir ozalky harby general Mladan Markaçy 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi, üçünji bir aýyplanýan ozalky harby general Iwan Germaky bolsa sud aklady.

Bu gürrüňi edilýän ozalky horwat generallarynyň üçüsem 1991-1995-nji ýyllarda Horwatiýanyň şol wagtky Ýugoslawiýadan garaşsyz bolmak ugrunda alyp baran urşunda ýerli serb ýaşaýjylaryny yzarlmakda, deportasiýa etmekde we olardan käbirlerini öldürmekde aýyplanylyp tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG