Sepleriň elýeterliligi

Çary Aşyr


(çepden saga) Şiraly Nurmyrat, Çary Aşyr we Artyk Jally

(çepden saga) Şiraly Nurmyrat, Çary Aşyr we Artyk Jally

1983-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şol meşhur “Ganly sakanyň” awtory Çary Aşyry gözläp, Pöwrüzedäki Ýazyjylaryň döredijilik öýüne bardym.

Bir içeri girip, bir daş çykyp, hysyrdanyşyp ýören aýalydyr gyzynyň täzeje bişiren böreginden doýup, eýwanda meýmiräp oturan halypa heniz salam berip ýetişmänkäm, gyrygrak ses bilen habarymy aldy:

– Iki eliň boş görünýä-le, how?.. Bolup gelşiň şo bolsa, men-ä ýerimdenem turjak däl.

– Aý, iki el hiç-le, iki jübim boş... Salawmaleýkim, Çary däde!

– Waleýkim-essalam. Aşgabatdan pyýada gelensiň-ow... Taksilije galgaýan döwürleňden oba göçäýdimi? Geç, otur. Garbanjakmy bir zatlar?

– Aý, ýok, halypa, bereket bersin. Men-ä ýanyňa işlije gelendirin.

Çary Aşyr ýerinden turdy.

– Dur onda, egnime bir zat ataýyn. Birmeýdan gezmeläýeli howlyň içinde, derwezeden çyksag-a derrew yzymyza adam goşarlar.

Ýarym çyn-ýarym degişme bilen ýaşuly daşaryk ümledi.

Kä ýerine asfalt düşelen, kä ýerine çagyl dökülen ýodajyklara düşüp, adama bir çilim otladyk.

– Hawa, aýdyber – Çary aga ýüzüme seretmän gepledi. – Hernä eýgilikdir-dä? Menlik iş bolsa bitmän galasy ýok.

– Aýtsam, Çary däde, maňa az-owlak karz pul gerek. Özüň bilýäň-ä, men Moskwanyň Edebiýat institutynda gaýybana okap ýörün. Şu wagt üçünji kursda. Ýene bir hepdeden tomusky sessiýa barmaly, ýol kireýimem ýok...

– Terjimehalyňy aýdyp oturma, saňa gyz geçirjek bolup duran ýok. Näçe gerek?

– Bäş ýüz.

– Bäş ýüz?! – Çary aga aýak çekdi. Ýarysy çekilen sigaretini bir çete pitikläp goýberdi-de, ädehedine görä gözlerini süzüp, ýüzüme çiňerildi. – Bäş ýüz manada az-owlak diýen bolýaňmy? Ep-esliň dagy näçeräkkä? – Sögüp gaçjak ýaly derwezä tarap gyýa-gyýa bakyp ugranym nazaryndan sypmandyr. – Ýanymda uly pul göteremok, öýdenem sorasym gelenok. Ertir sagat on birde Radiokomitetiň öňündäki merkezi kassaň agzynda garaş.

Gürleşilen ýerde, gürleşilen wagty: “Gyssagara üzjek bolup, basga galyp ýörme, baý bolan günüň gaýtaraý” diýip, Çary Aşyr başy bozulmadyk bir petde bäşligi elime tutdurdy...

Aý aýlandy, gün dolandy, SSSR Medeniýet ministrligi yz-yzyna iki sany bir aktly pýesamy satyn aldy-da, Moskwadan eslije pul geläýdi. O ýyllarda – ha gapjygyňdan pul çogup dursun, ha jübüňde ”it uwlasyn” – köpümiziň maňlaýymyzy direýän bir gapymyz bardy, o-da «Tokmak» žurnalynyň baş bezegçisi Nurmuhammet Berdiň sallahhanasydy. O bendäniň ussahanasam, ýatyp-turýan ýerem şo tünekdi. Özem ölemen awçydy.

Çary aga aýtmyşlaýyn, “baý bolan günümiň” agşamsy Nurmuhammediň ýanyna bardym. Görsem, iki sany myhmany bar – biri şahyr Çary Aşyr, beýlekisem Soýuza belli aktýor Artyk Jally. Nurmuhammediň awlap getiren guş etinden şara çekip, ýaňy bir daşyna aýlanan ekenler...

Ahmyrdan armany, armandan ahmyry köp türkmen halkynyň bu gün Nurmuhammet Berdisem, Artyk Jallysam, Çary Aşyry-da ýok.

Uly-uly ýitgileriň tygyna gyýym-gyýym bolan jigerime azda-kände teselli berýen ýekeje bir zat bar – olam şol ezizlerimiň nurana keşbini saklap galan suratlar.

Içerimin her diwarynda Çary Aşyr hem Artyk Jally bilen gujaklaşyp düşen suratymyz ýalpyldap dur.

Suratlary düşürenem – Nurmuhammet Berdi.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ýaşaýan türkmen şahyry.
XS
SM
MD
LG