Sepleriň elýeterliligi

Türkmen internet saýtlary


TDH-niň soňky açylan saýtyndaky (tdh.gov.tm) habarlar hem rus dilinde neşir edilýär.

TDH-niň soňky açylan saýtyndaky (tdh.gov.tm) habarlar hem rus dilinde neşir edilýär.

Türkmenistanyň internet ulgamyna birigenine 15 ýyl töweregi wagt geçen-de bolsa, ýurtda elektron neşirlerini döretmek babatda juda yza galynýandygyna göz ýetirmek bolýar.


1996-njy ýylda Türkmenistan ilkinji gezek internet ulgamyna birikdirildi. Şundan soň, ýurduň çäginde birnäçe hususy internet prowaýderleri döräp, hususy internet kafeleri ýüze çykyp ugrapdy. Emma 2000-nji ýylda ýurduň çägindäki ähli internet hyzmatlary «Türkmentelekom» döwlet kärhanasynyň garamagyna berlensoň, internete erkin aralaşmaga çäklendirmeler girizilip başlandy.

2002-nji ýylyň noýabrynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň garşysyna “terrorçylykly hereket” amala aşyrylansoň, Türkmenistanda interneti ulanmak babatda ýowuz çäreler girizildi. Raýatlaryň öýlerine internet çekmeklik düýbünden ýatyryldy. 2002-nji ýyla çenli kim öýüne internet çekip ýetişen bolsa, olar iň bir şowly adamlar bolup galdylar.

2002-nji ýyldan soň internet ulgamyna birikmek diňe edara-kärhanalara rugsat edildi. Özi hem edara-kärhanalarda işgärleriň interneti ulanyşy gözegçilik astynda saklanylýardy.

Ilkinji sebäpler

Alty ýyllap hiç bir çäklendirmeler bolmadyk-da bolsa, Türkmenistanda ýek-tük adamlar öýlerine internet çekdirip bilýärdiler. Munuň esasy sebäpleri şol ýyllarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň juda gözgyny ýagdaýda bolandygy bilen bagly. Şol döwürler ortaça aýlyklar 50-60 amerikan dollary bolan bolsa, kompýuterleruň bahasy 300-400 amerikan dollary töweregindedi. Köp maşgalalarda kompýuteriň özi elýetmez bir zat hökmündedi. Şonuň üçin internete birikmek hakda gürrüňem ýok, sadaja kompýuter edinmek hem ilatyň aglaba bölegi üçin ýetip bolmaýan arzuwdy.

Ýurduň raýatlarynyň internetden tas düýbünden diýen ýaly peýdalanmaýanlygy sebäpli, Türkmenistanda internet saýtlaryny, neşirlerini döretmek hakda iş alyp barmalydyr hem öýdülmeýärdi.

Ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanda bolup geçýän wakalaryň tutuş dünýä elektron neşirleriniň üsti bilen ýetirmegiň zerurlygyna Saparmyrat Nyýazow 2003-nji ýylda göz ýetirdi. Netijede ýurtda bolup geçýän wakalary resmi habar berýän «Altyn asyr.Türkmenistan» saýtynyň işini has-da güýçlendirmek barada S.Nyýazow şol wagtky wise-premýer Gözel Nuralyýewa görkezme beripdi.

«Altyn asyr.Türkmenistan» saýtynda türkmen, rus, iňlis dillerinde habarlar berilýän-de bolsa, onuň esasy agramy rus redaksiýasyna degişli. Bolup geçen wakalar ilkinji nobatda saýtyň rus dilindäki neşirinde goýulýar. Habarlaryň türkmençesiniň juda giç goýulmagynyň sebäbi Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň düýbünden az bolmagy üçindi. Şonuň üçin TDH-nyň saýty bolan «Altyn asyr. Türkmenistan» saýtynda habarlar ilki bilen rus dilinde berilýär. Sebäbi saýtyň maksady ýurtdaky habarlary daşary ýurtlulara bermekden ybarat. TDH-niň soňky açylan saýtyndaky (tdh.gov.tm) habarlar hem rus dilinde neşir edilýär.

Internet Galkynyş zamanasynda

2007-nji ýylyň başynda prezident saýlawlarynda saýlawçylar bilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow, eger döwlet baştutanlygyna saýlanan ýagdaýynda, her bir Türkmenistanyň raýatyna internetden peýdalanmaga giň şerti döretjekdigi hakda wada berdi we prezidentlige saýlanandan soň, wadasynda tapyldy.

Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanandan soňra, «Türkmentelekomyň» internet limitleri iki esse arzanladyldy. Raýatlara öýlerine internet çekmeklige ygtyýar berildi. Şol wagtlar Türkmenistanda hereket eden MTS kompaniýasy bolsa ýurduň raýatlaryna mobil internet hyzmatyny girizdi. 2010-njy ýylyň başyndan bolsa «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamy 3G internet hyzmatyny girizdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany gün geldigiçe artmak bilen. Hususan-da, internet ýaşlaryň arasynda giňden ýaýran.

Ýurtda internetden peýdalanýanlaryň sanynyň artýandygyna garamazdan, Türkmenistanda derekli Web saýtlar döräberenok. Döredilýän saýtlaryň aglabasy bolsa ýurduň ministrliklerine, pudak edaralaryna degişli. Ol saýtlaryň aglabasy yzygiderli ýöredilmeýär, saýtlaryň mazmuny juda garyp. TDH-niň saýtlaryndan başga ýurtda habarlary yzygiderli täzelenip duran saýtlar ýok.

Türkmen saýtlary näme üçin döränok?

Ideologiýanyň başynda oturanlar köpçülikleýin habar beriş serişdesi hökmünde ýurtda elektron neşirlerini ösdürmek, türkmen Web saýtlaryny döretmek hakda pikir etmän, gaýta olar iň bir çykdajysy köp bolan täze gazetdir žurnallary köpeltmek bilen meşgullanýarlar.

Interneti köpçülikleýin habar beriş serişdesi hökmünde peýdalanmagyň zerurlygy barada aladanyň edlimeýänliginiň sebäbini ýokary wezipede oturan ýolbaşçylaryň köpüsiniň kompýuterden düýbünden baş çykarmaýandyklary bilen hem düşündirýärler. Ýerli synçylaryň pikiriçe, hut türkmen ýolbaşçylarynyň köpüsiniň kompýuterden bisowatlygy üçin ýurtda Web saýtlar döredilmeýär. Ýurduň gazet-žurnallarynyň Web saýtlary açylmaýar.

Web saýtlaryň döremeýänliginiň ýene bir sebäbi bolsa Saparmyrat Nyýazow döwründen galan internete bolan ýaramaz garaýşyň ýokary wezipede oturanlaryň aňyndan aýrylmaýanlygyndadyr. Wezipä bellenen ýolbaşçylaryň köpüsi öz edara-kärhanalarynda gol astyndakylara internetden peýdalanmaga erkinlik bermeýärler. Welaýat-etrap häkimlikleri häli-häzirem internet ulgamyna birikdirilmedik.

Wagt ýetmedimi?


Ýaşlaryň internete bolan höwesi erkin türkmen saýtlarynyň ýüze çykmagyna getirip başlady. Özi hem ol saýtlar häzir barmak büküp sanardan kän. «Türkmentelekom» döwlet kärhanasy tarapyndan şahsy saýtlary döretmek isleýänlere bir topar býurokratiki päsgelçilikleriň döredilýändigine garamazdan, ýaşlar daşary ýurt serwislerinden forum saýtlary üçin domeýn alýarlar. Emma ýaşlaryň döredýän bu saýtlarynyň köpüsi höwesjeň häsiýete eýedir. Ol saýtlar belli bir maksada gulluk etmeýärler. Olaryň köpüsi güýmenje häsiýetlidir.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sanynyň juda tiz wagtda artmagy ýurtda täze bir maglumat kabul ediji auditoriýanyň döremegine getirdi.

Daşary ýurduň döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly özüne degişli Web saýty bar. Kä prezidentler “Twitterde” ýa-da “Livejournal” setinde şahsy sahypalaryny açýarlar. Emma Türkmenistanyň prezidentiniň özüne ýa bolmasa prezident apparatyna degişli ne Web saýty bar, ne-de beýleki sosial saýtlarda şahsy sahypalary. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem resmi beýanatlaryny Moskwadaky ilçihanasynyň internet saýty arkaly ýaýradýar.

Umuman, häzirki wagtda Türkmenistanda internet saýtlary ýurduň wakalaryny daşary döwletlere diňe položitel ýagdaýda habar bermek häsiýetinde peýdalanylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG