Sepleriň elýeterliligi

Ýatyrylan neşirler ýatlanmaýar


“Tokmak” žurnalynyň 1984-nji ýyldaky sanyndan. Karikaturany çeken Nurmuhammet Berdiýew. (Karikaturadaky ýazgy türkmen elipbiýine geçirildi).

“Tokmak” žurnalynyň 1984-nji ýyldaky sanyndan. Karikaturany çeken Nurmuhammet Berdiýew. (Karikaturadaky ýazgy türkmen elipbiýine geçirildi).

Ýazyjy Hudaýberdi Hally Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gadagan edilen metbugatlar barada aşgabatly žurnalist, “Edebiýat we sungat” gazetiniň öňki baş redaktory Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.


H. Hally: Aşyrguly, bilşimiz ýaly, ýene sähel wagtdan Türkmenistan Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyny baýram edýär. Geçen döwür içinde, biziň gazanan zatlarymyz az bolmady. Elbetde, ýitiren zatlarymyzam bar. Şol ýitgileriň ençemesi belli bir çäkde dikeldildi. Meselem, bilim pudagynda, kompýiter tehnologiýasyny ornaşdyrmak meselesinde birnäçe iş edildi. Şonuň bilen birlikde unudylýan ýa-da ýatlanylmaýan ugurlaram bar. Men bu ýerde gadagan edilen metbugaty ýatlamak isleýärin. Garaşsyzlygyň başky yllarynda dürli bahanalar bilen birnäçe metbugat ýatyrylypdy.

A. Baýry: S. Nyýazow 1992-nji ýylda prezidentlik wezipesine gaýtadan saýlanasoň, metbugatyň daşyna geçip ugrady. Türkmenistanyň metbugat we beýleki köpçülikleýin informasiýa serişdeleri hakyndaky kanuna garşy gelse-de, senzurany täzeden girizdi. “Tokmak”, çagalar neşirleri bolan “Körpe”, “Malyş”, “Älemgoşar” žurnallary, şeýle hem “Ýaşlyk”, “Ýunost” žurnallary, “Nowça”, “Komsomoles Türkmenistana” we etrap gazetleri, iri zawodlaryň, ýokary okuw jaýlarynyň köp tiražly gazetleri we beýlekiler ýapyldy.

H. Hally: Biz eger şol döwre seretsek, metbugatyň gülläp ösen döwri 80-nji ýyllar bolupdy. Seniň ýaňky ýatlap geçen birnäçe neşiriň, aýratynam ýaşlar neşirleri hut şo ýyllarda döredilipdi.

A. Baýry: Gynansak-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen metbugaty Üýtgedip gurmak döwründäkiden has ýaramazlaşdy. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalaryndan soň SSSR-de, şol sanda Türkmenistanda-da deslapky senzura ýatyrylypdy. Munuň özi gazet-žurnallaryň mazmunyna gowy täsir etdi. Şeýle şertlerde “Ýaş kommunist”, “Edebiýat we sungat”, gazetleri, “Sowet edebiýaty”, “Syýasy söhbetdeş” žurnallary elden-ele geçirilip okalýan neşirlere öwrüldiler. Şol döwri türkmen mediasynyň altyn ýyllary, metbugat azatlygynyň ýol alan ýyllary hasaplamak bolar.

H. Hally: Indi ýyldyzyň süýnýän wagtam bolar. Ýalňyşmasam, Aşyrguly, şol ýyldyz “Ýaş kommunist” gazetiniň başyna süýndi. Onuň sebäbi näme?
A. Baýry: Onuň sebäbi, meniň pikirimçe, häkimiýetleriň metbugatyň üstünden öz totalitar gözegçiligini ýola goýmak, olaryň sahypalaryndan tankydy aýyrmak, ýurduň durmuşyndaky ähli zady gülala-güllük edip görkezmek, jemgyýetçilik pikirini öz haýyrlaryna kemala getirmek isleglerinden gelip çykýar.

Söweşjeň “Ýaş kommunist” gazetini ýatyrmak synanyşygy gazaply alnyp baryldy. Ýöne bu neşiriň işgärleriniň aglaba köplügi esli wagtlap häkimiýetlere gaýduwsyz garşylyk görkezdiler. Elbetde, güýçler deň däldi. Ahyrda olar ýeňildiler, emma häkimiýetleriň şertlerine “ýaş komçylar’ düýpgöter kaýyl bolmadylar. Işsiz galdylar. S. Nyýazowyň döreden “Nesil” gazetine-de, “Watan” gazetine-de işe barmadylar. Elbetde, okyjylar, jemgyýetçilik, ilkinji nobatda intelligensiýa şonda “Ýaş kommunistiň” kolletiwini gollan bolsadylar häkimiýetler gaýtmyşym ederdiler. Arman, şeýle goldaw bolmady. Ýurtda metbugat azatlygy uzak wagtlap “jaýlandy”.

H. Hally: Şu ýerde bir zady ýatdan çykarýas. Şol gysyşlaryň başy “Edebiýat we sungat” gazetine, onuň şol döwürdäki baş rerdaktory bolan seniň özüňe-de degişli bolupdy.

A. Baýry: Dogudanam, häkimiýetleriň zor salmagyna, gysyşlaryna “Edebiýat we sungat” hepdeligi-de, onuň baş redaktory hökmünde menem “Ýaş kommunistiň” kolletiwinden has öňräk sezewar bolupdy. Hepdeligiň baş redaktoryna hökümini ýöretmek üçin, aýgytly hüjüme geçdiler. Olaryň metbugat azatlygyna kast etmekleri hepdeligiň tankydy ugry hem problemalary öňe sürmegi sebäp boldy. Netijede bu neşire täze ýolbaşçy bellendi. Munuň bolsa gazetiň mazmunyna nähili täsir edendigini il bilýär. Meni gynandyrýan zat, hepdelikde işleýän tejribeli žurnalisleriň redaksiýadan gitmekleri metbugat azatlygyna öwezini dolup bolmajak zyýanyň ýetirilmegi boldy.

H. Hally: Şu sözüňe goşulsam, şondan soňra “Edebiýat we sungat” hepdeligine mynasyp ýolbaşçy tapyp bilmediler. Ol ýere bellenen ýolbaşçylaram uzak işletmediler. Aýdaly, bir adamy wezipesinden boşatmak ýa erkin pikiri aýdýany gysmak administratiw çäre diýeli. Ýöne metbugatda näme günä bar? Meselem, çagalar neşiri “Mydam taýýar” gazeti, ol iň köp okyjyly metbugat bolupdy. Näme üçin çagalary metbugatdan mahrum etmeli?

A. Baýry: Çagalar üçin gazetleriň bolmagyny hökman hasaplamok. Ýöne oňat bezelen, dürli ugurly, älemgoşar öwüşginli žurnallar welin hökman gerek. Häzir mekdebe çenli, kiçi we orta ýaşly çagalara hem ýetginjeklere niýetlenen “Güneş” žurnaly çap edilýär. Muny maksada laýyk saýmak bolmaz. Çagalaryň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp, olar üçin aýry-aýry žurnal çap edilmelidir.

Häzir “Nesil” gazeti özüniň ýeke-täk ýaşlar neşiridigine magtanyp bildiriş berýär. Muňa buýsanmaly däl, muňa utanmaly hem gyanmaly. Ýeri gelende aýtsam, ýaşlara hem çagalara niýetlenen “Magaryf” neşirýatynyň ýapylmagy-da ýazgarylmaga degişli.

H. Hally: Indi şu günüň meselesine dolansak, “Tokmak” žurnaly satiranyň mekdebi bolupdy. “Naýza” satiriki žurnaly hem örän özboluşly ugry alyp barýardy. Indi olary diklemek barada gürrüň barmaýarmy? Şol ýatyrylan, gadagan edilen metbugaty diklemek meselelerine näme üçin baş galdyrylmaýar?

A. Baýry: Elbetde, ol neşirleriň ýapylamgy satiranyň hem ýumoryň ösüşine agyr urgy boldy. Häzirki häkimiýetler tankytdan, satiradan, hatda ýumordan hem gorkýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG