Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda protestçilere garşy güýç ulanyldy


Ýekşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda ýurduň oppozisiýa toparlarynyň hökümete garşy gurnan demonstrasiýasynyň öňüni almak üçin polisiýa protestçilere garşy güýç ulandy.

Azerbaýjanyň «Meşhur front» atly oppozision partiýasynyň lideri Ali Karimli düýn ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen protest demonstrasiýasynyň barşynda 100-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy.

«100-den gowrak aktiwist tussag edildi. Kä ýerlerde protestçiler biziň şygarlarymyzy gygyryp, çykyş edip bildiler. 100-den gowrak adam tussag edilen-de bolsa, hiç kim biziň ýörişimiz başa barmady diýip aýdyp bilmez» diýip, oppozision partiýanyň lideri Ali Karimli nygtady.

Baku şäheriniň häkimiýetleri oppozision toparlara şäheriň merkezinde ýöriş geçirmeklige rugsat bermänsoňlar, aktiwistler öz ýörişlerini resmi rugsatsyz geçirmeli boldular.
XS
SM
MD
LG