Sepleriň elýeterliligi

Saudlar Eýrandaky ilçihanasyny ýapyp biler


Ýekşenbe güni Saud Arabystanynyň häkimiýetleri bu ýurduň Eýrandaky diplomatlarynyň howpsuzlygyny Eýranyň güýçlendirmedik halatynda, diplomatlaryň yzlaryna çagyrylmaklarynyň mümkindigi bilen duýduryş berdi.

Geçen hepde eýranly studentleriň bir topary Saud Arabystanynyň Bahreýne harby güýçlerini eltmegine garşy protest bildirip, Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasynyň öňünde protest demonstrasiýasyny geçirdiler.

Şol wakada protestçi studentler Saud Arabystanynyň we Bahreýniň sünni dinastiýalary tarapyndan dolandyrylmagyna garşy şygarlary gygyryşyp, ilçihananyň binasyna içi ýangyçly çüýşeleri zyňypdylar.
XS
SM
MD
LG