Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Çernobylyň işgärleri protest geçirdi


Ýekşenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýewde Çernobyl atom stansiýasynyň partlamasynda bu stansiýany arassalamak işlerine gatnaşan 2 müň töweregi adam öz posobiýalarynyň we pensiýalarynyň kemeldilmegine garşy protest bildirip, ýöriş geçirdi.

Geljek hepde belleniljek Çernobyl heläkçiliginiň 25 ýyllygynyň bosagasynda bu wakanyň weteranlary öz kömek pullarynyň kemeldilmegi we medisina hyzmatlarynyň bahasynyň ýokarlandyrylmagy bilen bagly hökümetiň kabul eden kararlaryna gahar-gazaplaryny bildirdiler.

1991-nji ýylda şol wagtky Sowet hökümeti Çernobyldaky arassalaýyş işlerine gatnaşan adamlara ýokary derejede posobiýalaryň tölenilmegi barada karar kabul edipdi. Emma Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, bu posobiýalaryň möçberi ozalkylaryndan kem-kem azaldyldy.
XS
SM
MD
LG