Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň ozalky üç resmisi korrupsiýada aýyplanýar


Ýekşenbe güni Müsüriň Baş prokuraturasy ýurduň ozalky ýokary derejeli resmilerinden üçüsiniň korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýat jogapkärçiligine çekilendiklerini mälim etdi.

Hususan-da, Baş prokuraturanyň beýanatynda Müsüriň ozalky premýer-ministri Ahmed Nazife, ozalky içeri işler ministri Habib al-Adliýä we ozalky maliýe ministri Ýussef Boutros-Ghaliýä korrupsiýa bilen bagly jenaýat aýyplamasynyň bildirilýändigi aýdylýar.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepde Müsüriň häkimiýetleri ýurduň ozalky ýokary derejeli resmilerinden birnäçesiniň, şol sanda, ozalky döwlet lideri Hosni Mübäregiň hem tussag astyna alnandygyny mälim edipdiler.
XS
SM
MD
LG