Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň güýçleri Misurata şäherini bombalady


Ýekşenbe güni Liwiýadaky gozgalaňçylar prezident Muammar Kaddafiniň goşunlarynyň indi dördülenji gün Misurata şäherini güýçli bombalamalara sezewar edendiklerini habar berdiler.

Gozgalaňçylaryň metbugat sekretary Abdel Basset Mezerik «Al-Jazeera» telekanalyna beren interwýusynda hökümet goşunlarynyň eden hüjümlerinde düýn irden azyndan 6 adamyň ölüp, 47 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Muammar Kaddafä tarapdar güýçler öz ululygy boýunça ýurduň üçünji şäheri hasaplanylýan bu Misurata şäherini doly ele almak üçin indi bir ýarym aýdan gowrak wagtdan bäri bu şähere hüjümlerini dowam etdirýärler.

Liwiýaly gozgalaňçylar ýerli ýaşaýjylary goramak üçin NATO güýçleriniň ýeterlik çäre görmeýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG