Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Italiýa bilen aralykdaky demirýoluny baglady


Ýekşenbe güni Fransiýanyň häkimiýetleri Italiýadan afrikaly migrantlary alyp gelýän otlulary ýurda goýbermezlik üçin Italiýa bilen aralykdaky demirýol liniýasyny baglady.

Fransiýanyň hökümeti Tunisden gelen müňlerçe migrantlara Italiýanyň wagtlaýyn oturymlyk statusyny bermegine öz gahar-gazabyny bildirdi.

Italiýanyň beren bu wagtlaýyn oturymlyk statusy bu migrantlara Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine erkin geçmäge mümkinçilik berýär.

Italiýanyň Daşary işler ministrligi bolsa öz gezeginde Fransiýanyň demirýol liniýasyny baglamagyny Ýewropada kabul edilen umumy prinsiplere garşy gelýän bikanun hereket hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG