Sepleriň elýeterliligi

Teklip edilýän owgan kanuny “Talibany” ýatladýar


Owganystanyň paýtagty Kabulyň Wazir Abad raýonundaky toý zaly

Owganystanyň paýtagty Kabulyň Wazir Abad raýonundaky toý zaly

Golaýda teklip edilen bir kanun owgan paýtagty Kabulda gahar-gazap döretdi. Bu kanunda halkdan toýlarda şerigat düzgünlerine laýyk egin-eşik geýmek talap edilýär. Bu hem käbir adamlara “Taliban” döwründe bolup geçen ýaramaz wakalary ýatladýar.

Kabul uniwersitetiniň hukuk fakultetini ýaňy tamamlan Abdul Samie Safi: “Taliban dolanyp gelýäne meňzeýär”. “Seniň nähili egin-eşik geýýäniň şahsy bir mesele. Meniň pikirimçe, bular ýaly şahsy meselelere garyşmak adamlaryň maşgala durmuşyna goşulmak bilen deň. Men toýlara gözegçilik edilmegine garşy. Adamlaryň şahsy ýa maşgala işlerine garyşylmagy kabul ederliksiz”.

Ýüzleýräk garanyňda bu kanun beýle jedelli görnenok. Adalat ministrligi toýlara çäklendirme girizmek isleýändigini aýdýar. Ministrlik: “Toýlar giňden tutulyp, bäsleşikli egin-eşik üçin sowrulýan pullar şeýle bir köp welin, owganlaryň köpüsi asyl öýlenip bilenok. Bu işi edäýselerem, agyr bergä batýarlar” diýýär.

Owganystanly ýigitler Kabuldaky toý zalynda tans edýärler, 9-njy mart 2011-nji ýyl.

Ýöne teklip edilen kanunda zenanlaryň sada, asylly bezenmegini, aýal-erkegiň bir otagda garyşyp oturmazlygyny üpjün etmek üçin toýlara gözegçilik etmek boýunça komissiýalary döretmek hem göz öňünde tutulýar.

Owgan ýaşlarynyň erkinliginiň, has giňräk seredeniňde, Günbatar gymmatlyklarynyň döwrebap owgan jemgyýetine barha artýan täsiriniň göni nyşana alynýan ýeri edil şu. Dogrudanam, 4-5 gatdan ybarat toý zallarynyň günbatar stilli simwollardygy jedelsiz. Bu toý köşkleriniň içinde 1,200 adamlyk zallar bar. Olara her gijesine müňlerçe dollar kireý tölenýär.

Toýlaryň möçberini hem harajatyny göz öňüne getireniňde käbir adamlaryň Adalat ministrliginiň muny çäklendirmek baradaky tagallasyny oňat garşylamagy mümkin. Häzir prezident Hamid Karzaýyň kabinetiniň garamagyna berlen bu teklipde toýa gatnaşýan myhmanlaryň sany 300-den, adam başyna edilýän çykdajy hem 5 dollardan geçmeli däl.

Kanunyň maksady näme?

Ýöne adamlarda bu kunundan maksat başga zatlar bolaýmasyn diýen soragy döredýän Ministrligiň teklibinde polisiýa işini ýerine ýetirýän komissiýalaryň döredilmegi, bu komissiýalaryň agzalarynyň arasynda hem Dini işler ministrligniň wekilleriniň bolmagy.

Parlamentiň ýaş wekil Habiba Daniş özüniň teklip edilen bu kanuna garşydygyny nygtaýar: “Men özüm-ä bu kanuny goldap ses bermerin. Sebäbi ondan peýdalanjak mollalar”.

Paýtagt Kabuldaky 4-5 gatdan ybarat toý zallarynyň günbatar stilli simwollardygy jedelsiz.



Teklip edilýän kanunda komissiýa gürrüňi köp adamlara şerigat düzgünlerine ters hasaplanýan aýdym-saz, tans bolmaz ýaly, “Talibanyň” polisiýa güýçleriniň toýlara gözegçilik eden döwrüni ýatladýar. “Talibanyň” döwründe ahlak polisiýasy köçelere aýlanyp, sakgaly gysga adamlary urup-ýenjerdi, daşarda ýany erkeksiz barýan aýallary tutardy.

Bu kanuna tankydy garaýan adamlaryň käbiri Adalat ministrliginiň bu teklibine hökümetiň “Taliban” güýçlerini parahatçylyk we barlyşyk baradaky gepleşiklere çekmek üçin edýän tagallasy diýip baha berýärler.

“Meniň pikirimçe, hökümet bu mesläni bir syýasy maksat üçin gozgaýar. Ol bir tarapdan “Talibany” begendirjek bolýar, beýleki tarapdan hem, maşgala býujetini goramaga synanyşýar. Meniň garaýşymça, teklip edilýän bu kanun amala aşyryp boljak zat däl. Hökümet öz maksadyna ýetjek bolýar. Munuň netijesi bolsa, sosial problema öwrülip, bize galýar. Akýürekden aýdýaryn, hökümetiň adamlaryň toý işlerine garyşmagy edilýän bir ýalňyşlyk” diýip, aktiwist Siar Anwari aýdýar.

Kabinetiň teklip edilen bu kanuny haçan geňeşjekdigini, bu işi edeninde hem ony oňlajakdygy belli däl. Bu teklibi kabinet oňlansoň, kanuny taýdan güýje girmegi üçin ony parlamentiň-de makullamagy gerek. Şondan soň bu kanuna doly many berip, ony iş ýüzünde kesgitlemek Adalat ministrliginiň işi.
XS
SM
MD
LG