Sepleriň elýeterliligi

Eýran Ýakyn Gündogardaky “Uly oýnuň” merkezindemi?


Eýranly studentler Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasynyň öňünde protest geçirýärler, olaryň ellerinde bahreýnli protestçiniň suraty bar, 11-nji aprel 2011-nji ýyl.

Eýranly studentler Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasynyň öňünde protest geçirýärler, olaryň ellerinde bahreýnli protestçiniň suraty bar, 11-nji aprel 2011-nji ýyl.

Ýakyn Gündogarda ýaňy-ýakynlaram iň köp üns merkezinde bolan döwletiň indi sesi-üýni çykanok, oňa indi ünsem berlenok, ol hatda eýýäm ýatdan hem çykarylana meňzeýär.


“Arap dünýäsiniň oýanmagy” atly wakalaryň ýüze çykmagy bilen, eýýäm üç aý bäri Eýran Waşingtonyň daşary işler boýunça syýasatçylarynyň gapdalyndan sowlup geçýän temasyna öwrüldi.

Bu ýagdaýy käbir synçylar Birleşen Ştlatlar bilen Eýran yslam režiminiň arasynda bu regionda täsirlilik ugrundaky basym başlanjak bäsleşigiň öňüsyrasyndaky dymyşlyk diýip häsiýetlendirýärler.

“The New York Times” gazeti 2-nji aprelde çap eden makalasynda prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň Liwiýadaky wakalara “ikinji derejeli zat” hökmünde garaýandygyny, esasy meseläniň bolsa - regiona “pars äýneginiň aňyrsyndan” syn edilmegidigini aýdyňlaşdyrdy. “Ýakyn Gündogaradaky has uly oýun: Eýran” atly makalada Obamanyň administrasiýanyň resmileri üçin Eýranyň Ýakyn Gündogardaky täsiriniň birinji derejeli meseledigi aýdylýar.

Waşingtonda ýerleşýän Milli amerikan-eýran geňeşiniň başlygy Trita Parsi bu ýagdaýlar barada şeýle diýýär: “Meniň administrasiýanyň resmileri bilen regiondaky bolýan zatlar barada geçiren gepleşiklerimden ugur alynsa, onda bu wakalara nämäniň täsiri esasynda garalýandygy aýdyň bolýar, ýagny: Bu bolýan zatlara Amerika bilen Eýranyň arasyndaky bäsleşige nähili täsir ýetirýänligi nukdaýnazaryndan garalýar”.

Soňra Parsi şeýle diýýär: “Müsürdäki wakalara syn etsek, esasy soragyň Müsüriň halky ýa-da demokratiýa däldigini görse bolýar. Bärde esasy sorag: bu waka Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky geosyýasy bäsleşige nähili täsir eder? Ýagny, Birleşen Ştatlaryň kabul eden her bir karary ýa-da başga bir özgerişlik Eýranyň regiondaky täsirini kemeldermi ýa-da artdyrarmy?”.

Pursatdan peýdalanyş

Bolýan wakalara syn etsek, onda bularyň Eýranyň bähbidinedigini duýmak mümkin. Brookings institutynyň ýanyndaky Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça Saban Merkeziniň ýokary ylmy işgäri, Suzanne Maloneý şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe regiondaky bolýan zatlaryň ählisi diýen ýaly, şol sanda Bahreýindäki wakalar hem Eýranyň bähbidinedir. Ýeke-täk kadadan çykma – bu Siriýadaky bidüzgünçilikler bolup biler. Ýöne her niçigem bolsa, bu wakalar sebäpli Eýranyň köne garşydaşlary goranyşa geçmeli boldy, bu hem öz gezeginde Waşingtony region boýunça öz syýasatynyň käbir aspektlerine täzeden seretmäge mejbur etdi”.

Soňra Maloneý sözüne şeýle dowam edýär: “Bolýan zatlaryň ählisi Eýran üçin hakykatdan-da ýerliklidir, sebäbi yslam respublikasynyň nämälimlik we başagaýlyk bilen tebigy gyzyklanmasy bar. Olar üçin bu ýerde dörejek gurluşyň öz Eýrandaky döreden hökümet sistemasynyň ekiz taýy bolmagynyň zerurlygy ýok. Olar üçin möhüm zat – öňki garşydaşlarynyň häkimiýetden çetleşdirlip, özlerine täze ýaranlary edinmek mümkinçiligidir”.

Tähran arap döwletlerinde bolýan wakalaryň, Eýranyň 1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasyndan ylham alyp, ruhlanyp dörändigini öňe sürýär.

“EA dünýägaraýşy” websaýtynyň başlygy we Birmingem uniwersitetiniň Eýran boýunça analitigi Skott Lukasyň pikirine görä bolsa, Eýran bu propagandany özüniň ýurtdaky ýagdaýdan närazy halkynyň ünsüni başga zatlara sowmak üçin ulanýar.
XS
SM
MD
LG