Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan ministrligindäki partlamada iki adam öldi


Duşenbe güni Owganystanyň Goranmak ministrliginiň binasynyň içinde amala aşyrylan hüjümde azyndan iki adam öldi, ýedi adam ýaralandy.

Goranmak ministrligiň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, harby lybas geýnen hüjümçi ministrligiň içinde ýaragdan ot açypdyr.

Kabulyň polisiýa başlygynyň orunbasary General Muhammad Dawid Amen bu dörän ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: "Goranmak ministrliginiň binasynda gözleg işleri tamamlanýança, binanyň ähli girişleri ýapyldy. Hiç kime giriş-çykyş rugsat edilmeýär. Hüjümçi harby lybasdady”.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Taliban” öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG