Sepleriň elýeterliligi

“WikiLeaks”: ABŞ Siriýanyň oppozisiýasyna ýardam berdi


“The Washington Post” gazeti tarapyndan çap edilen “WikiLeaks” saýtynyň öňki ýaýradan diplomatik telegrammalarynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Siriýanyň prezidenti Başar Asadyň garşydaşlaryna gizlin maliýe kömegini berendigi aýdylýar.

“The Washington Post” gazetinde çap edilen maglumatlara görä, Londanda ýerleşýän “Barada TV” telekanalyny dolandyryp bilmekleri üçin, daşary ýurtda ýaşaýan siriýalylara, şeýle-de Siriýanyň öz içindäki beýleki oppozisiýa Döwlet departamentiniň 2006-njy ýyldan bäri jemi 6 million dollar töweregi kömek berendigi aýdylýar.

Bu maglumatda Birleşen Ştatlaryň häzir siriýa oppozisiýasyna maliýe kömegini berip-bermeýänliginiň nämälimdigi bellenilýär.

“The Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, Döwlet departamenti bu maglumatlar boýunça kommentariý bermekden saklanypdyr.
XS
SM
MD
LG