Sepleriň elýeterliligi

Arap döwletleri Eýrana prowokasiýany bes etmäge çagyryş etdiler


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Tähran bilen arap döwletleriniň arasynda dartgynlylyk döretmek synanyşygynda Birleşen Ştatlary aýyplady.

Prezident Ahmedinejad Waşingtonyň bu ugurdaky tagallalary şowsuz bolar diýdi.

Ýekşenbe güni Pars aýlygynyň arap döwletleri öz işlerine goşulmakda Eýrany günäkärlediler.

Pars aýlagynyň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň, ýagny Bahreýniň, Kuweýtiň, Omanyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ministrleri Riýadda geçirilen duşuşykda Eýrana öz prowokasiýalaryny bes etmäge çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG