Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ÝHHG-niň täze başlygy bellenildi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenen başlygy Sergeý Belýaýew

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenen başlygy Sergeý Belýaýew

18-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenen başlygy Sergeý Belýaýewi kabul etdi.


Prezident bilen duşuşygynda Sergeý Belýaýewiň Berdimuhamedowa ÝHHG-niň baş sekretary Mark Perren de Brişambonyň iberen hatyny gowşurandygyny türkmen mediasy habar berdi.

Şeýle hem türkmen mediasynyň habar bermegine görä, Berdimuhamedow bilen Sergeý Belýaýewiň arasyndaky söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň gatnaşyklaryny mundan beýlägem ösdürmegiň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar bolupdyr.

Bu duşuşykda Berdimuhamedow hem-de Belýaýew Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ösüşe eýe bolýandygyny bellediler. Energetika pudagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezilendigi barada hem habar berilýär.

Öňki ilçi

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziň öňki ýolbaşçysy Arsim Zekolliniň geçen ýylyň noýabrynda ÝHHG-niň Wenadaky baş edarasyna çagyrylyp, Türkmenistandaky işini wagtyndan öň togtatmaly edilendigi habar berlipdi.

Garaşsyz çeşmeler ÝHHG-niň Türkmenistandaky ilçisi Arsim Zekolliniň ýolbaşçylyk edýän merkezinde turan oňşuksyzlyk zerarly işden aýrylandygyny habar beripdi. Emma bu oňşuksyzlygyň sebäpleri barada resmi derejede habar berilmedi.

Şu ýylyň fewral aýynda ÝHHG-niň Wenadaky edarasynyň sözçüsiniň orunbasary Wirjinia Kolloudan Azatlyk Radiosyna Arsim Zekolliniň dynç alyşdadygyny, ýöne onuň Aşgabatdaky işini togtatmak kararyna gelendigini we ol wezipä başga adamyň gözlenýändigini aýdypdy.

Sergeý Belýaýew

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenen başlygy S.Belýaýew 1953-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda doglan. Ol Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutyny hem-de SSSR DIM-niň Diplomatiki akademýasyny tamamlady.

Dürli ýyllaryň dowamynda ol Orsýetiň Afrika döwletlerindäki missiýalarynda, şeýle hem Orsýetiň DIM-niň apparatynda işledi. 1995-1999-njy ýyllarda Orsýetiň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesini eýeledi.

2002-nji ýyldan S.Belýaýew ÝHHG-e işe geçýär we soňky ýyllarda ol ÝHHG-niň Sekretariatynyň Kadrlar departamentiniň (Wena, Awstriýa) direktory wezipesinde işledi. Şu ýylyň 7-nji aprelinde bolsa ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi 1998-nji ýylda açylypdy. Guramanyň missiýasyna ýarag meselelerine, adam hukuklaryna, metbugat azatlygyna we açyk saýlawlaryň geçirilmegine gözegçilik ýaly wezipeler girýär.

Ýerli habaçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG