Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan ÝB-e agza bolmaga umyt edýär


Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen gepleşik geçirmäge baran Gürjüstanyň premýer-ministriniň orunbasary Giorgi Baramidze öz ýurdunyň uzak perspektiwada Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna umyt edýändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň giňeldilmek meselesi boýunça komissary Stefan Fuele bilen geçirjek duşuşygynyň öňýany Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ol: «Geljekde, aýdaly, geljek 15 ýylyň içinde Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy bolup biläýjek zat» diýip belledi.

Giorgi Baramidzäniň Stefan Fuele bilen geçirjek gepleşikleri, esasan, şu ýylyň ahyryna çenli döwrüň içinde Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda ylalaşygy baradaky gepleşiklere başlap biljekdigi ýa bilmejekdigi baradaky meselä gönükdiriler.
XS
SM
MD
LG