Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde aşa sagçy guramanyň işi ýatyrylar


Duşenbe güni Moskwanyň şäher sudy «Bikanun immigrasiýa garşy hereket» atly aşa sagçy guramany bikanun gurama diýip yglan etdi we onuň işini ýatyrmak barada höküm çykardy.

Bu milletçi hereketiň agzalary beýleki milletleriň wekillerine hüjüm etmek we milletçilikli ideýalary ýaýratmak tendensiýalarynda aýyplanýarlar.

Düýn Moskwanyň şäher sudunyň çykaran kararynyň yzýany ýaýradan beýanatynda Orsýetiň Baş prokuraturasy suduň bu kararyny doly goldaýandygyny mälim etdi.

Orsýetiň Baş prokuraturasy soňky wagtlar «Bikanun immigrasiýa garşy hereket» atly aşa sagçy guramanyň ekstremistik guramalaryň sanawyna goşulmalydygy baradaky teklip bilen çykyş edip gelýärdi.
XS
SM
MD
LG