Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada Çernobyl üçin donor konferensiýasy geçirildi


Duşenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ýurduň Çernobyl atom stansiýasynyň üstüni täze gorag örtgüsi bilen örtmek üçin zerur bolan maliýe fonduny döretmeklige bagyşlanylan donor konferensiýasy geçirildi.

Ukrainanyň Çernobyl atom stansiýasy 1986-njy ýylyň aprelinde partlanda onuň binasy birneme soňra radiasiýa garşy ýörite gorag örtgüsi bilen örtülipdi. Ýöne soňky wagtlar ol gorag örtgüsiniň hiliniň ýaramazlaşandygyndan uly alada bildirilýär.

Kiýewdäki bu konferensiýanyň öňýany Ýewropa Bileleşigi Çernobyl atom stansiýasynyň daşyna guruljak täze gorag binasy üçin 110 million ýewro möçberinde ýardam bermekligi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG